Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Freedom House”: metbugat azatlygy ýaramazlaşdy


Hasabatda 196 ýurtdan diňe 68 ýurtda azat, erkin metbugatyň bardygy bellenilýär.
Hasabatda 196 ýurtdan diňe 68 ýurtda azat, erkin metbugatyň bardygy bellenilýär.
Dünýä boýunça metbugat azatlygynyň ýagdaýy soňky 10 ýyldan gowrak wagtda iň pes derejä düşdi. Häzir dünýäde ýaşaýan alty adamyň diňe biri erkin metbugaty bar bolan ýurtda ýaşaýar. Bu barada dünýäniň dürli ýurtlarynda demokratik ösüşe gözegçilik edýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” guramasynyň soňky ýaýradan hasabatynda bellenilýär.

Halkara metbugat azatlygynyň 3-nji maýda bellenilýän gününe gabatlap, “Freedom House” guramasynyň ýaýradan hasabatynda Türkmenistan: Belarus, Özbegistan, Eýran, Birma, Kuba, Ekwatorial Gwineýa, Eritreýa, Liwiýa hem Demirgazyk Koreýa bilen bir hatarda metbugat azatlygy iň ýaramaz 10 ýurduň sanawyna goşuldy.

“Azatlyk Öýüniň” hasabatynda iň ýaramaz onluga giren ýurtlarda metbugat azatlygynyň ýa düýpden ýokdugy ýa-da, bolsa-da örän çäklendirilýändigi aýdylýar. Bu ýurtlarda metbugatyň diňe syýasy režimleriň ideologiýasyny ýöredýän gurala öwürlendigi, ilata garaşsyz, bitarap maglumatyň elýeterli däldigi, başgaça pikirlenýänlere garşy repressiýanyň dürli görnüşleriniň – yzarlamalaryň, basyşlaryň, tutha-tutlyklaryň ulanylýandygy aýdylýar.

“Metbugat azatlygy 2011: medianyň garaşsyzlygy boýunça geçirilen global barlag” atly bu hasabatda metbugat azatlygy meselesinde soňky döwürde köp yzagaýdyşlyk bolan ýurtlaryň sanawy hem getirilýar. Bu sanawa Türkiýe, Ukraina, Meksika, Wengriýa hem Müsür ýaly ýurtlar girýär.

68 ýurtda azat

Hasabatda 196 ýurtdan diňe 68 ýurtda azat, erkin metbugatyň bardygy bellenilýär. 63 ýurtda, şol sanda postsowet döwletlerinden Orsýet, Gazagystan, Ermenistan, Gyrgyzystan, Moldowa, Ukraina ýaly ýurtlarda, metbugatyň azat däldigi aýdylýar.

Şeýle ýarym demokratik hem awtokratik režimli ýurtlarda häkimiýet başyndakylaryň göwnünden turmaýan habar serişdelerine işlemek üçin lisenziýa bermekden boýun gaçyrylýar diýip, “Freedom House” guramasy ýazýar.

“Freedom House” öz hasabatynda awtoritar režimli döwletleriň telekommunikasiýanyň maglumat ýaýradýan täze tehnologiýalaryna böwet döretmäge synanşýandyklaryny hem belleýär. Mysal üçin, mobil telefonlary, internet, sputnik arkaly berilýän maglumat ilat köpçüligine ýetmez ýaly internetiň hem radionyň signallarynyň petiklenýändigi aýdylýar.

Emma hatda demokratiýa taýdan ösen ýurtlarda-da žurnalistleriň yzarlanmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykýandygy hasabatda nygtalýar. Şeýle ýagdaýlaryň Ysraýyl hem Hindistan, Italiýa we Wengriýa ýaly ýurtlarda bolandygy hasaba alnypdyr.

Merkezi hem Gündogar Ýewropanyň 20 ýyl mundan ozal demokratiýanyň ýoluna düşen ýurtlarynda ilatyň 56%-niň “metbugat erkin däl” diýlip baha berlen ýurtlarda ýaşaýandyklary aýdylýar. Ilatyň 26%-niň azda-kände azat, diňe 18%-niň doly erkin metbugaty bar bolan ýurtlarda ýaşaýandyklary hasabatda bellenilýär.

Postsowet giňişligi

Öňki sowet giňişligine giren ýurtlardan Moldowada bu meselede uly öňegidişligiň bardygy aýdylyp, soňky döwürde bu ýurduň “açylandygy” bellenilýär. Şeýle hem pozitiw özgerişlikler duýulýän ýurtlaryň hatarynda Gürjüstan hem Gyrgyzystan agzalýar. Azerbeýjan, Gazagystan, Orsýet ýaly ýurtlarda metbugat azatlygyny gazanmak ugrunda köp iş alnyp barylmalydygy nygtalýar.

Metbugat azatlygy iň ýaramaz bolan onluga girýän ýurtlardan metbugat erkinligi bilen bagly ýagdaýyň öňküsindenem ýaramazlaşan ýurtlaryň sanawyna Türkmenistan bilen Eýran girýär. Eýranda soňky döwürde internetiň hem sputnik telekanallarynyň petiklenndigi aýdylýar.

Türkmenistanda bolsa geçen ýylyň ahyrynda ýurtdaky iň uly mobil operatorynyň işiniň ýatyrylmagynyň ilat köpçüliginiň maglumat almak mümkinçiligini çäklendirendigi bellenýär.

29-njy aprelde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň 60 ýyllygyna bagyşlanyp, Mýunhende geçirilen tegelek stol çäresinde çykyş eden Estoniýanyň prezidenti Toomas Hendrik Ilwes 1990-njy ýyllaryň başynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň auditoriýasy bolan 400 milliona golaý adamyň, 20 ýyl geçensoň, diňe 100 millionynyň açyk jemgyýetde ýaşaýandygyny, galan 300 milliona golaý adamyň maglumat almak hukuklarynyň henize çenli-de häkimiýetler tarapyndan çäklendirilýändigini belledi.
XS
SM
MD
LG