Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ABŞ-daky tornado heläkçiligine gynanç bildirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň günorta ştatlarynda dörän tornadolar sebäpli ýüzlerçe adamyň heläk bolmagy zerarly prezident Barak Obama gynanç hatyny iberdi diýip, resmi Aşgabat habar berýär.

Bu tornadolar soňky 40 ýylyň dowamynda Amerikada turan iň ýykgynçylykly harasatlar hökmünde häsiýetlendirilýär.

Tornadolar Amerikanyň Mississippi, Tennessee, Arkanzas, Jorgiýa we Wirjiniýa ştatlarynda hem döredi.

Häzir bu tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň sanynyň 350-den gowrakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG