Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

12 ýaşly owgan hüjümçisi bazarda özüni ýardy


Owganystanda 12 ýaşly janyndan geçen hüjümçi Paktika welaýatynda ýerleşýän bazarda özüni partladyp, azyndan 5 adamyň ölümine sebäp boldy. Bu barada ýerli häkimiýetler habar berdiler.

Hüjümiň bu wakada heläk bolan ýerli ýolbaşçylaryň birine garşy gönükdirilendigi çaklanylýar.

Ýakynda “Taliban” pitneçileri ýazky hüjümlere başlajakdyklaryny mälim etdiler.

“Taliban” bu hüjümleriň barşynda Owganystanyň harby we döwlet edaralaryna garşy hüjümlerini ýygjamlaşdyrjakdygyny aýdyp, haýbat atýar.
XS
SM
MD
LG