Sepleriň elýeterliligi

Müsür Gaza sektory bilen öz serhedini açmakçy


Müsür Gaza sektory bilen öz serhedini açmakçy. Ýekşenbe güni Müsüriň daşary işler ministrligi bu çäräniň “palestin halkynyň azabyny ýeňletmek” üçin edilýändigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Menha Bakhoumyň aýtmagyna görä, häzir bu mesele “ähli derejelerde” gözden geçirilýär.

Häkimiýetden çetleşdirlen Hosni Mubaregiň hökümeti Gaza sektoryny blokadada saklamak boýunça Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk edipdi.

Gaza sektoryny yslamçy “Hamas” topary öz gözegçiliginde saklaýar.
XS
SM
MD
LG