Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň harbylary protestçilere garşy ot açdy


Siriýanyň harbylary tanklar arkaly Deraa şäherinde protestçilere garşy ot açdylar diýlip, habar berilýär.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, ýurduň dürli künjeklerinde ýüzlerçe adam hem tussag edilipdir.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalarynyň berýän maglumatyna laýyklykda, Siriýada 15-nji martda hökümete garşy protestler başlanaly bäri parahat ilatyň arasyndan ölenleriň sany 580-e ýetipdir.

Ýewropa Bileleşigi Siriýa garşy sanksiýalary, şol sanda ýarag embargosyny girizmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG