Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa hökümeti ilçihanalara hüjüme gynanç bildirdi


Liwiýanyň hökümeti ýekşenbe güni Tripolide Britaniýanyň we Italiýanyň ilçihanalaryna edilen hüjümlere gynanýandygyny aýdýar.

Daşary işleri ministriniň orunbasary Haled Kaimiň aýtmagyna görä, NATO-nyň howa hüjümleri sebäpli Muammar Kaddafiniň oglunyň we üç agtynyň ölmegine gaharlanan mähelläni saklamak polisiýa başartmandyr.

BMG özüniň daşary ýurtly işgärlerini Tripoliden çykarýandygyny mälim etdi. Ýekşenbe güni bir topar adamlar BMG-niň edarasynyň howlusyna girip, birnäçe ulagy ele geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG