Sepleriň elýeterliligi

Owgan kanun çykaryjylary TOPH-y tassyklady


Şenbe güni owgan kanun çykaryjylary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz şertnamasyny tassykladylar. Bu barada “TOLO” habar gullugy maglumat berýär.

Owgan parlamentiniň halkara gatnaşyklar komissiýasynyň ynanjyna görä, türkmen gazynyň Owganystanyň üstünden akdyrylmagy TOPH proýektiň düzümine girýän döwletler üçin özara biznes gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer.

Owgan tarapy öz territoriýasyndan geçjek TOPH turbalarynyň goragyny üpjün etmek üçin 7,000 töweregi adamy işe çeker.

TOPH gazgeçiriji proýekti Türkmensitanyň günorta sebitlerinden başlap, Owganystanyň we Pakistanyň üstünden geçip, Hindistanyň Fazilka sebtinde tamamlanmaly.
XS
SM
MD
LG