Sepleriň elýeterliligi

Gazagystandaky demonstrasiýa basylyp ýatyryldy


Ýekşenbe güni Gazagystanda zähmetkeşleriň raýdaşlyk güni bilen bagly demonstrasiýanyň basylyp ýatyrylmagy netijesinde iki aktiwist keselhana ýerleşdirildi.

1-nji maýda Almaty şäheriniň merkezinde ýurduň “Gazagystan 2012” atly oppozision hereketi, “Tussaglykda saklanýan raýatlaryň eneleri” atly komitetiň agzalary zähmetkeşleriň raýdaşlyk gününi bellemek üçin ýygnanyşdylar.

Gazagystanly hukuk goraýjy aktiwist Wadim Kuramşiniň beren maglumatyna görä, polisiýa bu demonstrasiýany dargadandandan soň aktiwistleriň ikisi ýaralanyp, keselhana ýerleşdirilipdir.

Onuň aýtmagyna görä, Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti keselhananyň ýanynda gözegçilik edip, kellesine zeper ýeten aktiwist Ainur Kurmanowy idemäge baran adamlary hasaba alypdyrlar.
XS
SM
MD
LG