Sepleriň elýeterliligi

Siriýada repressiw tussag edişlikler dowam edýär


Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň dürli şäherlerinde demokratik özgerişlikleriň tarapdarlarynyň ýüzlerçesini tussag etdiler diýlip, habar berilýär.

“Reuters” habar gullugynyň beren maglumatlaryna görä, aktiwistleriň bir topary Deraa şäherinde tussag edilipdir.

Siriýanyň Zabadani, Rakka, Idlip şäherlerinde hem köp adamyň tussag edilendigi aýdylýar.

Siriýaly aktiwistler, häkimiýetleriň ýowuz daramagyna garamazdan, protestlerini dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

Siriýadaky protestler başlanany bäri prezident Başar al-Assadyň ýolbaşçylygyndaky howpsuzlyk gulluklarynyň 560-a golaý adamy öldürendigi habar berilýär.

Siriýanyň merkezi regionynda ýerleşýän Homs şäherinde müňlerçe adam “režimiň soňuna çykmaly” diýen şygar bilen ýöriş geçirdiler.
XS
SM
MD
LG