Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada dikeldiş işleri üçin $50 milliard sarp ediler


Duşenbe güni Ýaponiýanyň parlamenti 11-nji martda ýüze çykan tebigy betbagtçylykdan soňky dikeldiş işlerine 50 milliard dollara barabar serişde goýberilmegini makullady.

Bu serişdeler weýran edilen ýerleri arassalap, infrastrukturanyň dikeldilmegine sarp ediler diýlip, maglumat berilýär.

Ýykgynçylykly ýer titremeden we sunamiden soň öýsüz-öwzarsyz galan adamlar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň guruljakdygy aýdylýar. Bu baradaky karary hem parlament köpçüligi we oppozisiýa goldady.

Muňa garamazdan, heläkçilikden soňky dikeldiş işleriniň haýal alnyp barylýanlygy aýdylyp, premýer-ministr Naoto Kanyň hökümetine garşy tankydy pikirler artýar.
XS
SM
MD
LG