Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Otunbaýewa ýurduň serhetýaka regionlaryna sapar edýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa ýurduň Täjigistan hem Özbegistan bilen serhetýaka regionlaryna sapar edýär.

Ol Batgen welaýatynyň Leýlek raýonynda bolup, bu regiondaky ýagdaý bilen tanyşdy diýip, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berýär.

Prezident Otunbaýewa iki günlik saparynyň dowamynda beýleki gyrgyz-özbek, gyrgyz-täjik serhetýaka regionlaryna hem sapar eder.

Gyrgyzystanyň serhetçileriniň serkerdebaşysy Zakir Tilenow 29-njy aprelde ýurduň parlamentinde eden çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri ýurduň Täjigistan bilen serhetýaka regionlarynda sekiz çaknyşygyň, Özbegistan bilen serhetdeş ýerlerinde bolsa ýedi konfliktiň bolandygy barada hasabat berdi.

Olaryň köpüsiniň zorluga baryp ýetendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG