Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi bazary kesgitlär


Türkmenistanyň ýangyç boýunça ýolbaşçysy Täçberdi Tagyýew, türkmen tarapynyň gaz eksport ýollaryny köpeltmek boýunça çynlakaý çemeleşýandigini, 8-nji maýda Pragadaky energiýa sammitinde malim edipdir.

Türkmenistanyň ýangyç boýunça ýolbaşçysy Täçberdi Tagyýew, türkmen tarapynyň gaz eksport ýollaryny köpeltmek boýunça çynlakaý çemeleşýandigini, 8-nji maýda Pragadaky energiýa sammitinde malim edipdir.

Ýöloteniň Osman gaz ýataklaryndan, Hazar deňziniň ýakasyna tarap çekilmegi göz öňüne tutulýan, uzynlygy 800 kilometre golaý bolan hem-de 30 milliard kub metrlik mawy ýangyjy akdyrmak üçin niýetlenen gaz geçriji boýunça, “Türkmengaz” döwlet konserni mart aýynda halkara tender yglan etdi.

Geçen ýyl Britaniýanyň "Gaffney, Cline and Associates" kompaniýasy, Günorta Ýolöteniň ýangyç ýataklaryndaky gaz ätiýaçlaryny, ululygy boýunça dünýäde dördünji orunda goýdy. Şeýlelikde deslapky hasaplamalara görä, Günorta Ýolöteniň ýer asty mawy ýangyjy, “Gündogar-Günbatar” Transtürkmen gaz geçirijisiniň esasy üpjünçisi bolar.

Esasy dört ugur

“Gündogar-Günbatar” proýektiniň, häzirki wagtda esasy dört potensial eksport ugrynyň bardygy öňe sürülýär. Olaryň birinjisi, Ýewropa tarap barýan Nabukko turbalaryna birikdiriljek Transhazar gaz geçirijisidir we muňa Türkmenistanyň ýyllyk 10 milliard kub metrlik gaz ibermegi planlaşdyrýandygy, türkmen hökümeti resmi kagyzlar bilen tassyklamasa-da, Ýewropa Birleşiginiň resmileri tarapyndan aýdylýar.

8-nji maýda Pragada geçirilen “Günorta Korridor – Täze Ýüpek Ýoly” atly sammitde çykyş eden Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň başlygynyň nebit we gaz boýunça orunbasary Täçberdi Tagyýew, türkmen tarapynyň gaz eksport ýollaryny köpeltmek boýunça çynlakaý çemeleşýandigini malim etdi diýip, şol ýerde geçirilen metbugat konferensiýasynda ÝB-niň resmileri belläp geçdiler.

Ikinji ugruň bolsa, Hazaryň gündogar kenary bilen Orsyýete tarap çekiljek Hazarýaka turbalarydygy bellenýär. Hazarýaka turbalaryndan, gazak we türkmen gazy bilen birlikde ýyllyk jemi 20 milliard kub metrlik gaz akdyrylmagy göz öňüne tutulýar.

Üçünji ugur, Päkistan we Hindistanyň gaz zeruryýetleri üçin niýetlenýän, emma durmuşa geçirilmek ähtimallygy häzirlikçe azdygy öňe sürülýän Transowgan gaz geçirijisidir.

Käbir habar çeşmelerine görä, Maý aýynyň 24-ne Tähranda ylalaşylan, Eýrandan Päkistana tarap çekilmegi göz öňüne tutulýan gaz geçirijä, türkmen hökümetiniň hem Eýranyň üsti bilen goşulmaga isleg bildirendigi habar berilýär. Eýran-Päkistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň şu ýylyň ahyryna başlap, 2014-nji ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Energiýa boýunça synçylaryň bellemegine görä, bu proýekte türkmen tarapy goşulan ýagdaýynda, Transowgan gaz geçiriji proýekti öz özünden ýatyrylar. Eýran Päkistan gaz geçirijisine goşulmak üçin bolsa, Türkmenistanyň "Gündogar-Günbatar" proýektinden peýdalanjakdygy bellenýär we muňa bolsa dördünji potensial ugur hökmünde garalýar.

Saýlanjak kompaniýanyň täsiri

Göz öňüne tutulýan türkmen gazynyň eksport ýollarynyň, esasan hem Transtürkmen “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisinden peýdalanjakdygyna seredeniňde, bu proýekt boýunça tenderde ýeniş gazanjak kompaniýanyň pozisiýasynyň, Türkmenistanyň gaz eksporty syýasaty boýunça örän täsirli boljakdygyny çaklamak bolarmy?

Dünýäniň 200-e golay döwletinde ykdysady we syýasy derňew işlerini alyp barýan "IHS Global Insight" kompaniýasynyň, Hazar ýangyjy we Garaşsyz
Tenderiň ýeňijisi, energiýa eksportunyň
diwersifikasiýalaşdyrylmagy boýunça täsirli bolar.
Döwletleriň Arkalaşaygy ýurtlarynyň energiýa syýasatlary boýunça ýokary derejeli analitigi Endrýu Neff, Transtürkmen gaz geçirijisini Hazarýaka turbalaryna baglamak isleýan Orsyýediň gaz kompaniýasy bolmasa, şol tenderiň ýeňijisi, ýurduň energiýa eksport ýollarynyň köpeldilmegi boýunça täsirli bolar diýip belleýär. Onuň pikiriçe, türkmen hökümeti özüniň gaz eksport ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy boýunça diýseň isleglidigini görkezdi.

Energiýa boýunça analitik Endrýu Neffiň aýtmagyna görä, Türkmenistan gündogardan günbatara - Hazar deňzine - tarap şol gaz geçirijini gurmak bilen, ýurduň günorta gündogaryndaky gaz ýataklaryny, Hazaryň üsti bilen Ýewropa tarap, Eýranyň üsti bilen Päkistana tarap, ýa-da Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen Orsyýete tarap çekiljek potensial eksport ýollaryna birikdirýär. “Şeýle etmek bilen Türkmenistan energiýa eksport ýollaryny köpletmek boýunça çynlakaý hereket edýändigini görkezýär. Şeýle hem Orsyýete bazar ýa-da tranzit ýurt hökmünde baglylygyny azaldýar.”

“Serhede gel, gazy al”

Ýewropaly resmiler, Türkmenistan öz tebigy gazynyň transporty boýunça, diňe serhede çenli jogapkärçiligi almak isleýär diýip belleýärler. Bu bolsa, kim türkmen serhedine tarap turba çekse, şol hem “Gündogar-Günbatar” Transtürkmen gaz geçirijisinden ýangyç alar diýen pikiri döredýär.

Merkezi Aziýa we Kawkaz Institutynyň, Ýüpek ýoly programmasynyň energiýa howpsuzlygy boýunça analitigi Dr.Swante Kornel, türkmen tarapynyň ýurduň teritoriýasynyň daşyndaky geçirijileriň gurluşygyna kän goşulmazlygynynyň sebäbi hökmünde, Türkmenistanyň turba söweşleriniň içine girmek islemeýändigini öňe sürýär. “Şol sebäpli bu ýagdaý, türkmen serhedine tarap çekiljek gaz geçirijileriň jogapkärçiligini, tebigy gazy satyn alyjylaryň üstüne ýükleýär.”

Halkara Business Monitor edarasy, Türkmenistanyň gaz önümçiliginiň 2013-nji ýyla çenli 100 milýard kub metre çenli ýokarlanjakdygyny çak edýär. "Bu bolsa, geljek 5 ýylyň içinde Türkmenistanyň gaz eksport potensialynyň 75 milliard kub metre golaýlajakdygyny görkezýar" diýip Business Monitoryň 2009-njy ýyl boýunça hasabatynda bellenipdir.

Indiki ýyldan başlap diňe Hytaýyň özüne 30 milliard kub metr, 5 ýyldan soň garaşylýan NABUCCO turbalaryna 10 milliard kub metr, Eýrana 10 milliard kub metre golaý gaz iberiljekdigi göz öňüne tutulsa, Orsyýet, Päkistan we Hindistan 20 milliard kub metrlik gazy paýlaşmaly bolarlar diýlip çak edilýär. Emma Türkmenistandaky maýa goýumlary, günorta-gündogar Aziýadaky syýasy durnuklylyk, tebigy gazyň bahasy, hem-de Orsyýetiň basyşlary ýaly faktorlaryň, ähli çaklamalary üýtgetmeginiň ahmaldygy hem bellenýär.
XS
SM
MD
LG