Sepleriň elýeterliligi

Bütindünýä Banky erkin bazary öňe sürýär


Bütindünýä bankynyň geçiren barlaglary, ykdysadyýeti ösdürmegiň we garyplyk derejesini azaltmagyň iň gowy ýoly, funksiýalaryny gowy ýerine ýetirýän bazarlara bil baglamakdan geçýändigini görkezýär.

Bütindünýä bankynyň geçiren barlaglary, ykdysadyýeti ösdürmegiň we garyplyk derejesini azaltmagyň iň gowy ýoly, funksiýalaryny gowy ýerine ýetirýän bazarlara bil baglamakdan geçýändigini görkezýär.

Bütindünýä Bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça ýokary derejeli ykdysadyýetçisi Robert Talýersio, garyplyk derejesininiň ýokarlanmagyna iň köp töwekgelçilikde bolan ýurtlaryň arasyna Türkmenistanyň hem girýändigini, emma ýurduň ykdysadyýetiniň 70 prosentine golaýyny hususylaşdyrmak babatda türkmen hökümetiniň planlarynyň bardygyny aýdýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy we öňde durýan meseleler barada şol resmi bilen Azatlyk Radiosyndan Myrat Nurgeldi söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Geçen aý, Butindünýä Banky tarapyndan geçirilen barlag işiniň netijesine görä, garyplyk derejesininiň ýokarlanmagyna iň köp töwekgelçilikde bolan ýurtlaryň arasyna Türkmenistan hem girýär. Haýsy kriterialaryň barlagy şeýle netijä gelmegiňize sebäp boldy?

Robert Talýersio: Biz iň esasy dört kriterianyň üstünde işledik. Birinjisi, geçen ýyllara garanyňda ýurduň ykdysady ösüşiniň pese gaçyp-gaçmaýandygy, ikinjisi bolsa umumy garyplyk derejesidir. Beýleki ençeme ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanyň hem ykdysady ösüşi 2009-njy ýylda pese gaçar diýip çak edýäris. Garyplyk derejesi 20 prosentden ýokary bolup, ykdysady ösüşiň peselmegini başdan geçirýän ýurtlar garyplyk derejesininiň ýokarlanmagyna iň köp töwekgelçilikde bolan ýurtlaryň arasyna goýuldy. Şu iki görkeziji boýunça, ösüşi başdan geçirýän ýurtlaryň 40 prosenti şeýle derejelendirmä girýär. Ýurtlaryň 10 prosenti bolsa, garyplygyň ýokarlanmagyna iň az töwekgelçilikde bolan ýurtlar diýlip hasaplanyldy.

Beýleki iş topary bolsa, ýurduň bu ýagdaýa garşy çäre görme güýjine degişli iki kriterianyň üstünde işledi. Birinjisi maliýe güýji, ikinjisi bolsa, administratiw güýjidir. Eger bir ýurt garyplygyň ýokarlanmagyna iň köp töwekgelçilikde bolan ýurtlaryň arasyna girýän bolsa, we bu krizis bilen şol ýurduň nähili baş alyp çykjakdygyny bilmek üçin şu iki kriteriany barlamaly.

Türkmenistanyň maliýe güýji barada aýdanymyzda, ýurduň býudžeti diýseň gowy ýagdaýda we goşmaça maliýe güýji bar. Bilişiňiz ýaly bu ýurduň tebigy gaz rezerwi örän uly. Şeýlelikde, býudžet defisitinden kösenýän dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdireniňde, Türkmenistanyň maliýe güýjiniň örän gowydgyny görmek bolýar. Beýleki aspekt bolsa, ýurduň administratiw güýji, ýagny şu ýagdaýda döwletiň maliýe çeşmelerini netijeli we ýeterlik derejede sarp etmegi başarmagydyr. Eger zeruryýet ýüze çyksa, hökümet krizisiň täsirlerine garşy jemgyýetçilik çykdaýjylaryny nä derejede artdyrmagy başarar, ýagny hökümet uly girdeýji getirjek döwlet pudagyndaky maýa goýum proýekterini haýal etmän kesgitläp, olary durmuşa geçirmegi başararmy? Krisiz bilen baş alyp çykmak boýunça döwlet maliýe dolandyryş sistemasynyň umumy güýji nähili? Ine şu soraglaryň jogaby möhüm. Ýöne dogrysyny aýtsak, bu barada elimizde kän maglumat ýok. Üstünde işlän kriteriýalarymyz bolsa şulardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti global krizisiň ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsirlerini ýetirýändigini aýdypdy, ýöne munuň haýsy pudaklara degişlidigi barada aýdylmady. Siziň pikiriňizçe bu pudaklar haýsylar bolup biler?

Robert Talýersio: Türkmenistandaky ähli ykdysady pudaklaryň ýagdaýy barada doly we anyk maglumatymyz ýok. Häzir biz bularyň üstünde işläp, türkmen hökümeti bilen gepleşikler geçirip ýörüs. Emma men bu baradaky umumy pikirmi aýdyp bilerin. Krizisiň üç sany täsir ediş mehanizmasynyň bardygyny aýdyp bolar: maliýe we maýa goýum bazary, haryt bazary hem-de zähmet bazary.

Krizisiň bu pudaklara nähili täsir edip biljekdigine seredip göreliň. Maliýe we maýa goýum bazary iki görnüşde bolýar, biri daşary ýurt banklaryndan alynýan karzlar, beýlekisi bolsa göniden daşary ýurt maýa goýumlary. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň agramly bölegine heniz hem döwlet tarapyndan gözegçilik edilýändigi we açyk däldigi, şeýle hem bank sistemasynyň döwletiň garamagyndadygy sebäpli, geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan daşary ýurt banklaryndan kän bir karz almady. Şeýlelikde maliýe pudagynyň bu ugruna, krizis kän bir göniden täsir etmedi. Beýleki mesele bolsa, göniden daşary ýurt maýa goýumlary. Şu ýyl Türkmenistan bu ugurda peselişi başdan geçirip biler. Kredit bazarynyň häzirki global ýagdaýy düňýäniň aglaba ýurtlaryna täsir edýändigi sebäpli, Türkmenistana hem täsir eder. Şeýlelikde, ýurtda maýa goýum proýektleri azalar, munuň netijesinde bolsa iş orunlary azalar. Ine bu krizisiň birinji täsir ediş mehanizmasydyr.

Ikinjisi bolsa, haryt bazarydyr. Biz bu ýerde esasan hem eksportlary göz öňüne tutýarys. Muny bellemegimiň sebäbi, Türkmenistanyň iň uly eksport serişdesi tebigy gazy we biraz nebitidir. Ýurduň iň esasy gaz alyjysy bolan Orsyýet bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşylan tebigy gazyň bahasynyň, soňky 4 ýylyň içinde ýokarlanandygyna seredeniňde, Türkmenistanda eksport derejesiniň ýokarlanandygyny görmek bolýar. Beýleki mesele bolsa, esportuň mukdarydyr. Global krizis netijesinde ýangyja bolan global talabyň azalmagy sebäpli, Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyna talabyň hem azalmagyna garaşyp bolar. Elimizde statistika ýok, ýöne bahanyň ýokarlanmagy we eksport mukdarynyň köpelmegi täsiri deňleýär. Şol sebäpli bu pudaga gaty uly bir täsiriň ýetjekdigini çak edemizok.

Iň soňky faktor bolsa, zähmet bazarydyr. Regiondaky beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Türkmenistandan hem Orsyýete ýa-da beýleki ýurtlara işlemäge giden we ýurtdaky maşgalalaryna pul iberýän immigrantlar bar. Meniň bilşime görä bularyň sany hem pese gaçýan bolmaly. Munuň netijesi bolsa, maşgalalaryň sosial durmuşyna täsir eder. Ýöne munuň ýurduň ykdysadyýetine gaty bir täsir edip-etmejekdigini anyk aýdyp biljek däl. Şol sebäpli krizis netijesinde zähmet bazarynyň pese gaçmagynyň ýurduň ykdysadyýetine uly bir täsirini ýetirjekdigine garaşamaýaryn.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylar, türkmen ykdysadyýetiniň dünýäden üzňe saklanmagy, soňky yüze çykan global ykdysady we maliýe krizisinden bu ýurdy belli bir derejede gorandygyny aýdyp, şeýle ykdysadyýetiň Türkmenistan üçin bähbitli bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýarler. Siz bu pikir bilen nä derejede ylalaşýarsyňyz?

Robert Talýersio: Ykdysadyýetiň taryhyna seredip görmeli. Ykdysadyýetiň gazananlary bilen bir hatarda ýitirenlerini hem hasaba almaly. Biziň bankymyzyň dünyäniň dürli ýerlerinde geçiren barlaglarynyň netijesinde bir zada göz ýetirdik: ykdysadyýeti ösdürmegiň we garyplyk derejesini azaltmagyň iň gowy ýoly, funksialaryny gowy ýerine ýetirýän bazarlara bil baglamakdan geçýar.

Bir tarapdan seredeniňde, Türkmenistanda ykdysadyýetiň döwlet kontrollugynda saklanmagy sebäpli, belli-başly pudaklaryň üzňelikde bolandygy we munuň netijesinde bolsa şol pudaklaryň, mysal üçin bank we maliýe pudagynyň beýleki ýurtlara seredeniňde global ykdysady krizisden az zyýan çekendigi dogry zat. Emma şol bir wagtyň özünde şeyle sorag barada hem oýlanmaly: Global ykdysadyýete integrasiýa edilmändigi sebäpli, türkmen ykdysadyýeti nähili pursatlary elden gidirdi? Şol sebäpli, gazanylan we ýitirilen tarapyň ikisine-de seretmeli. Dünýa taryhynyň ýokary ykdysady ösüşi başdan geçiren hem-de garyplyk derejesini azaltmakda iň gowy üstünligi gazanan ýurtlaryna seredeniňde, erkin bazar ykdysadyýetli ýurtlardygy belli bolýar.

Elbetde şeyle ykdysadyýetleriň üstünlik gazanmagy uçin goldaw berýän döwlet institutlary, kanunçylyk we adam üçin edilýän sarp edişlikler ösen bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Synçylar häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçmek üçin Türkmenistana gowy pursadyň dörändigini aýdýarlar. Siziň pikiriňizçe şu ýagdaýda Türkmenistanyň nähili ädimleri ätmegi peýdaly bolar?

Robert Talýersio: Türkmenistanyň hökümeti häzirki geçiş döwründe ykdysadyýet boýunça möhüm reformalary amala aşyrdy. Olaryň biri, walýuta alyş-çalyşygy nyrhlarynyň birleşdirilmegidir. Bütindünýä bankynyň türkmen hökümeti bilen ýakynda geçiren gepleşikleriniň bir temasy hem şu boldy. Geçen ýylyň maý aýynda amala aşyrylan bu reforma, erkin ykdysadyýet ugrundaky iň uly we möhüm ädim boldy.

Şeýle hem türkmen hökümeti, bazar ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Ykdysadyýetiň 70 prosentine golaýyny hususy eýeçilige geçirmek barada maksatlary bar. Türkmenistanyň hökümeti bu ugurdaky strategiýalaryň üstünde işleýär.

Ýewropa we Merkezi Aziýa regionyndaky ýurtlaryň, döwlet kontrollygyndaky ykdysadyýetden bazar ykdysadyýetine geçiş döwründäki tejribelerine seredenimizde, reforma edilmeli birnäçe ugurlaryň bardygyny görmek bolýar. Bilşime görä, Türkmenistanyň hökümeti eýýämden bu ugurlaryň kabirleriniň üstünde işleýär. Ol reformalaryň biri hususylaşdyrma, ýagny gymmat bahaly emläkleriň we firmalaryň döwlet eýeçiliginden hususy eýeçilige geçirilmegidir. Beýlekisi bolsa, tebigy baýlyklarynyň dolandyrylyşydyr. Tebigy baýlyklara eýe bolan ençeme ýurtlar, tehniki kynçylyklar we potensial çykdaýjylar sebäpli, şol baýlyklary ykdysady taýdan gowy ulanmagy başarmadylar. Şol sebäpden, meniň pikirimçe Türkmenistandaky uglewodorod baýlyklaryny gowy we ýerlikli ulanmak üçin degişli syýasty işläp düzmek we munuň üstünde işleýän institutlary döretmek örän möhümdir.

Ýene bir möhüm zat bolsa, umumy maliýe syýsaty we munuň dolandyrylyşydyr. Ýagny salgytsyz girdeýji syýsaty, uglewodoroda degişli bolmaýan girdeýji syýasatynyň güýçlendirilmegi, býudžet dolandyryş sistemasynyň ösdürilmegidir. Bularyň arasyna infrastruktura we oba ýerleri boýunça döwlet maýa goýumlary hem girýär. Bulardan başga bellenmeli möhüm iki zat bolsa, söwda syýsaty we ykdysady integrasiýadyr. Ösüşiň ýokarlandyrylmagy we garyplyk derejesiniň azaldylmagy uçin bular hem hökman zerurdyr. Häzir Türkmenistanyň energiýa resurslary diwersifikasiýa edilmändigi sebäpli, munuň üstünde işlenip bilner. Iň soňkysy bolsa maliýe pudagydyr. Bank sistemasynyň erkinleşdirilmegi zerurdyr. Bilşime görä türkmen hökümeti hususy sektora karz pul bermek uçin käbir banklara rugsat berdi. Ýone entek munuň doly ýola goýlup goýulmandygy barada maglumatymyz ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümeti hususy eýeçiligi goldamak üçin ilkinji nobatda haýsy çäreleri amala aşyrmaly we telekeçilere hem-de kiçi we orta ölçegdäki bizneslere nähili ugurlar boýunça ýardam bermeli?

Robert Talýersio: Kompaniýalaryň hasaba alynmagy hem-de import we eksport boýunça gümrük düzgünleriniň ýola goýulmagy möhümdir. Emläk hukuklarynyň goralmagy bolsa başga bir möhüm meseledir. Hereket edýän düzgünler boýunça durnuksyzlygyň azaldylmagy, hususy eýeçiligi ýoredýänleriň hasaply işlemeklerine şert döreder. Ýene bir esasy gerek zat bolsa, kredit sistemasydyr. Hususy bizneslere amatly şertler bilen kredit berilmegi hökmanydyr. Olaryň karz almaklaryna päsgelçilik döretmeli däl. Bulardan başga üns berilmeli ugurlaryň biri infrastruktura bolup durýar. Biziň ylmy barlaglalarymyzyň netijesi, gara ýollaryň, portlaryň, ammar desgalarynyň hem-de energiýa üpjünçiliginiň, kiçi we orta ölçegdäki biznesleriň bäsleşiji ukyby gazanmaklaryna göniden täsir edyändigini görkezdi.
XS
SM
MD
LG