Sepleriň elýeterliligi

Allaberdi Haýydowyň 80 ýyllygyna


Halk arasynda “Bir gülden bahar gelmez” diýen nakyl bar. Sansyz köp gül bahary getirýär ýa-da köp gül zemini bezeýär.

Biziň medeniýetimiz hem şeýledir. Her bir ugurda parlak ýyldyzlar bolupdyr. Şeýle hem şol ýyldyzlaryň töweregini beýleki ýyldyzlar bezäpdir. Olardan biri, megerem, şahyr Allaberdi Haýydow bolsa gerek. 15-nji iýunda onuň doglan gününe 80 ýyl boldy.

Allaberdi Haýydow çeper edebiýatyň ähli ugurlaryndan eser döretdi. Ol çagalar edebiýatyndan hem goşgular, hem hekaýalar ýazdy.

Allaberdi Haýydow ençeme şahyrana eserleriň – goşgularyň hem poemalar kitaplarynyň awtorydyr. Ol hekaýalar hem powestler ýazdy. Uly göwrümli romanlaryň awtory boldy. Kinodramaturgiýa hem opera librettolaryny ýazdy. Onuň rus hem dünýä ebiýatyndan eden çeper terjimeleri bardy. Ol döwürdeşleri hakda ýatlamalar ýazdy.

Ol edebi tankyt, şol sanda Magtymgulynyň poeziýasynyň filosofiýasy boýunça ylmy iş alyp bardy. Allaberdi Haýydow kompozitorlar, aýaratyn-da, Nury Muhadow bilen ýakyn döredijilik aragatnaşygyny saklap geldi. Bu iki ynsanyň bilelikde döreden “Komsomol” diýen aýdymyny Orsyýet Federasiýasyndaky Omskiniň halk hory aýdýardy. Ol aýdym häli-şindi Bütinsoýuz radiosyndan hem berilýärdi.

Şeýlelikde, Allaberdi Haýydowyň köptaraply hyzmaty sungatyň hem edebiýatyň dürli ugurlary bilen utgaşykly boldy. Şonuň üçin geçen asyryň türkmen medeniýetini agzasak, Allaberdi Haýydowyň adyny hem ýatlamaly bolýarys.

Onuň biziň aramyzdan gidenine birnäçe ýyl boldy. Indi şeýle adamlaryň saýlanan eserlerini aýratyn kitap edip çykarmaga bireýýäm wagt ýetdi. Şeýle adamlar barada ýatlamalar kitaplary çykarylsa-da bolardy. Nähilem bolsa, o zatlar halkyň geçmişi hem taryhy.


XS
SM
MD
LG