Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-ors gaz dartgynlygy we täze bazar pursady


Daniýel Kimmidž: “Türkmen gazyna bolan gyzyklanmalar ýokarlanýarka, Berdimuhamedow, Moskowa we Gazproma duýduryş berýär.”
Daniýel Kimmidž: “Türkmen gazyna bolan gyzyklanmalar ýokarlanýarka, Berdimuhamedow, Moskowa we Gazproma duýduryş berýär.”

Aprel aýynyň başynda, Türkmenistandan Orsyýede gaz akdyrýan turbada partlama boldy. Bu turbadan gazyň gaýtadan akyp başlanandygy barada henize hem anyk maglumat ýok. Aşgabat bu wakada Ors kompaniýasy Gazpromy aýyplady. Orsyýet bu aýplama anyk jogap bemedi. Bu ylalaşmazlyklar we günbataryň ädimleri barada Azatlyk radiosyndan Muhammad Tahir, Waşingtonly garaşsyz ekspert Daniýel Kimmidž bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk radiosy: Jenap Daniýel, türkmen-ors gaz gatnaşyklary gaty çylşyrymly bir meselä öwrüldi, Orsyýet bilen Türkmenistanyň arasynda häzir nämeler bolup geçýär?

Daniýel Kimmidž: Hakykatdan hem bu gaty çylşyrymly bir mesele, Orsyýetiň nukdaý nazaryndan bu dartgynlyga seredilende, Moskwada käbir zatlaryň üýtgänligini aýtmak mümkin. Meselem, Türkmenistandan alynýan gaza tölenýän baha aşa ýokary, we gaza bolan talap bolsa barha azalýar. Bu ýeke täk sebäp däl, emma esasy sebäplerden biri.

Türkmenistanyň nukdaý nazaryndan bu meselä seredilende, Aşgabat Orsyýetden sowa gaz satyp biljek çeşmäni gözlemegi dowam etdirýär. Bu barada Türkmenistan ençeme ýyldan bäri alada edip gelýär, Hytaýa gaz akdyrjak turbanyň gurulýanlygy hasaba alynmasa, Aşgabadyň bu ugurda gazanan üstünligi gaty çäkli boldy.

Bu partlama bahana boldy, emma bu ýurtlaryň ikisi hem öz talaplary boýunça başga çeşmeleriň gözleginde ýaly bolup görünýär. Germaniýaly kompaniýa bilen Türkmen ýolbaşçylarynyň arasynda gelinen ylalaşyk munyň anyk mysallaryndan biridir.

Azatlyk radiosy: Häkimiýet başyna geçen täze türkmen liderler tarapyndan, bu waka, Orsyýete garşy ädilen garaşylmadyk bir ädim boldy, Berdimuhamedowyň bu hili ädim ätmeginiň aňyrsyndaky sebäp näme bolup biler?

Daniýel Kimmidž: Bu her iki tarapdan hem ädilen, emma töwekgelçilikli bir ädimdir. Her iki tarap hem biri-biriniň beýlekisine mätäçdigini pikir ediýär. Türkmenler tarapyndan görkezilen reaksiýa seredenimizde, olaryň aýtjak bolýan zady, “biz mundan beýläk alyp barýan syýasatymyzy berkitjek, sebäbi biziň elimizde mümkinçiliklerimiz bar” diýmekdir.

Orsyýetiň görkezýan reaksiýasy bolsa, garaşmak bilen ýagdaýa syn etmekdir. Emma muňa garamazdan bu barada anyk pikir beýan etmek gaty kyn. Sebäbi, energiýa baradaky gepleşikler umuman ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiriliýär.

Ýöne türkmenler tarapyndan şeýle güýçli reaksiýanyň bildirilmeginiň sebäbi, Moskwanyň özlerine mätäçdigini pikir etmekleridir. Şunlukda olar Moskowa ýüzlenip, “bize öz aýdanyňyzy etdirmäge rugsat bermeris” diýmek isleýärler.

Azatlyk radiosy: Onda Berdimuhamedow, Orsyýede garşy öňe sürýän bu berk pikirini kime arka berip beýan edýän bolmagy mümkin?

Daniýel Kimmidž: Meniň pikirimçe, bu barada diňe çaklama öňe sürmek bolar. Şunlukda Berdimuhamedowyň häzir saylap alyp biljek başga ýollarynyň bardygyny pikir edip, şeýle reaksiýa bildiriýändigini çak etmek mümkin. Meselem, Hytaýa gaz akdyrjak turbanyň gurluşugy ýakynda tamamlanar. Günbatarly kompaniýalar Transhazar proýekti barada gaýtadan gyzyklanyp başladylar. Şeýle ýagdaýda Berdimuhamedow, Moskwa we Gazproma duýduryş berýär.

Emma onuň beren bu duýduryşy möhletinden öňmi diýlen soragy orta atyp bolar. Sebäbi Hytaýa heniz gaz akyp başlamady. Günbatar bilen aragatnaşyk diňe taslamalar derejesinde dur. Orsyýetden başga Türkmenistanyň bil baglap biljek eksporty, diňe Eýrana akdyrylýan çäkli gazdyr. Onuň möçberi hem gaty az, ýagny bu turbanyň her ýyl diňe 12 ýarym milliard kub meter töweregi gaz akdyrmaga ukyby bar.

Azatlyk radiosy: Ýakynda ABŞ-larynyň döwlet sekertarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Riçard Bouçer Türkmenistana bardy. Onuň bu sapary Waşingtonyň inisiatiwasy bilen amala aşyryldy. Bu saparyň häzirki döwüre gabat gelmegi nämäni aňladýar?

Daniýel Kimmidž: Bu sapara diňe tehniki taýdan garaşylmadyk sapar diyip bolar. Sebäbi eger ABŞ-larynyň täze administrasiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça alyp barýan syýasaty nazara alynanda, bu sapar bu maksada gabat gelýär.

Mälim bolşyna görä, ABŞ-lary Owganystanda parahatçylygyň ornaşdyrylmagy üçin täze tagallalar edýär we bu aladanyň çäginde Owganystanda ýerleşýän daşary ýurtly harbylara ýardam aşyryp boljak täze ýollar gözleýär. Bu işi Owganystanyň demirgazygynda amala aşyrmak üçin Waşington bir eýyam Orsyýet, Özbegistan we Gazagystan bilen ylalaşyga geldi. Häzirki döwürde Bouçeriň Türkmenistana barmagy, edilýän bu tagallalaryň çäginde ädilen bir ädimdir.

Azatlyk radiosy: Jenap Kimmidž, Ýewropa Birleşigi hem uzak wagtdan bäri türkmen gazy bilen gyzyklanyp gelýär. Hat-da onuň Türkmenistanda Orsyýete bäsdeş bolup biljek bir topardygy hem aýdylýar. Orsyýetli müşderisi bilen Türkmenistanyň arasynda dörän bu dartgynlykdan soňra, Ýewropanyň özini alyp barşyna siz nähili baha bermekçi? Ýagny, Brýussel bu pursatdan peýdalanmak üçin nähili ädim ätdi?

Daniýel Kimmidž:Ýewropalylar tarapyndan bu ugurda ädilen iň uly ädim, Germaniýaly kompaniýanyň Türkmenistan bilen aralarynda ýakynda memoranduma gol goýmagydyr.

Türkmenistanyň gaz eksportyny köp ugurly etmek meselesi, Ýewropanyň mydama esasy aladalaryndan biri bolup geldi. Emma iş ýüzünde bu proýekt ýakyn wagtlarda amala aşyrylarmy diýlen soraga, men “howa” diyip jogap berip biljek däl. Sebäbi Türkmen gazyny ýewropa akdyrmakda Ýewropada agzybirlik ýok. Elbetde bu barada meniň ýalňyşýan bolmagym hem mümkin. Germaniýaly kompaniýa bilen gelnen ylalaşyga, elbetde türkmen gazyny günbatara akdyrmak meselesinde bir ädim diýip baha berip bolar.

Emma trans Hazar we NABUCCO turbalarynyň gurluşugynyň başlamagy üçin edilmeli işler gaty köp. Elbetde Ýewropa türkmen gazy bilen gyzyklanýar. Bu hemmelere anyk. Emma Ýewropanyň bu işi nä dereje amala aşyrmak isleýänligi sorag bolup durýar.

Azatlyk radiosy: Onda siz häzirki döwürde, Türkmenistanda Orsyýet bilen Günbataryň arasynda gaz boýunça täze bir bäsdeşligiň başlandygyna ynanmaýarsyňyz, şeýle mi?

Daniýel Kimmidž: Türkmenistanda bu ugurda öňden bäri dowam edýän bir bäsleşik bar. Sebäbi Orsyýet Merkezi Aziýadan satyn alýan gazynyň bahasynyň ýokary bolmagyna, şeýle-de gaza bolan halkara talabyň azalanlygyna garamazdan, Merkezi Aziýanyň gazyna bolan eýyeçiligini we şol ýerden eksport edilýän gazyň barysynyň öz teritoriýasyndan akdyrylmagyny isleýär. Günbatar bolsa şol regionyň gaz eksportynyň köp ugurly edilmegini goldap gelýär. Elbetde bu bäsleşigiň ykdysady bähbitleri bilen bir hatarda, geo-syýasy ugurlary hem bar.

Ýöne ykdysady krizisiň dowam edýän häzirki pursatynda, men günbatar ýurtlaryň geo-syýasy meseleler üçin öňki döwürlerde bolşy ýaly uly mukdarda maýa goýbermegine garaşmaýaryn.

Azatlyk radiosy: Emma Türkmenistan bilen onuň esasy müşderisiniň arasynda dörän bu ylalaşmazlygyň, günbatar üçin bir pursatdygyny aýdyp bolarmy?

Daniýel Kimmidž: Belli bir derejede bu pikir dogry, emma esasy mesele başga. Meselem, eger Orsyýet bilen Türkmenistanyň arasynda bu dartgynlyk has giňelse,Orsyýetiň Türkmenistan barada şeýle bir pozisiýa eýelejekdigini pikir edeliň. Moskowa Aşgabada ýüzlenip, “eger sen gunbatara gaz akdyrmagy isleýän bolsaň, bar ylalaşyga gol goý, öz gazyňy islän ugruňa akdyr, häzir bize seniň gazyň gerek däl, bary bir gaza bolan talap azalyp barýar, siziň teklip edýän bahaňyz hem aşa ýokary” diyse, Türkmenistan näme eder?

Azatlyk radiosy: Siziň hem aýdyşyňyz ýaly, Orsyýet Türkmenistanyň gaz boýunça esasy müşderisi bolup durýar, we bu eksportdan gelýän girdeýji hem Aşgabadyň ykdysadyýetini dolandyrýan esasy serişdesidir, emma bu gaz häzirki döwürde akanok we haçan akyp başlajakdygy hem anyk däl. Bu dartgynlygyň çözgüdi näme?

Daniýel Kimmidž: Elbetde bu ylalaşmazlyk Orsyýete gazyň gaýtadan akyp başlamagy bilen tamamlanar, men Türkmenistandan Hytaýa gaz akýança bu iki ýurduň arasynda bu ylalaşmazlyklaryň dowam etjekdigini pikir edemok. Bu hili ylalaşmazlyklar mundan öň hem bolupdy, we muňa çözgüt hem tapyldy.

Şeýlelikde bu dartgynlyk, taraplardan biriniň utulyp beýlekisiniň utan ýagdaýynda tamamlanar. Netijede gaz söwdasynyň bu iki ýurduň arasynda hemişelik ýapyljakdygyny men çak edemok.

Azatlyk radiosy: Eger gaz bir näçe wagt ýapyklygyna galyp, Türkmenistanyň esasy girdeýji çeşmesi kesilse, bu Türkmenistanyň içki syýasatyna we Berdimuhamedowyň häkimiýetiniň geljegine nähili täsirini ýetirer?

Daniýel Kimmidž: Bu elbetde, ýene Orsyýetiň Türkmenistanyň içerki syýasatyndaky täsiri bilen bagly bir mesele bolup durýar, elbetde Orsyýete eksport edilýän gaz. Türkmenistanyň esasy girdeýji çeşmelerinden biridir. Bu girdeýji kesilen ýagdaýynda, Türkmenistan häzirki serişdesi bilen näçeräk oňup biler? Ýurduň içinde haýsydyr bir durnuksyzlygyň emele gelip biljekdigi barada pikir öňe sürmek islämok. Emma nebitiň girdeýjisine daýanýan ýurtlaryň ýolbaşçylary, mydama häkimiýet başynda galmaga meýilli ýolbaşçylardan ybaratdyr.

Eger ýurda girýän maliýe serişdesi kesilse, bu şol ýurduň ýolbaşçysynyň ýagdaýyny hem agyrlaşdyrar. Şunlukda bu Türkmenistanda Orsyýetiň täsirini barha güýçlendirer.
XS
SM
MD
LG