Sepleriň elýeterliligi

Halkara guramalar doňuz dümewiniň ýaýramagyna alada bildirdi


Ban Ki Mun, derman öndurijilerden, öndurilmeli sanjymlaryň 10%-ni garyp ýurtlara bagyşlamagy sorady.

Ban Ki Mun, derman öndurijilerden, öndurilmeli sanjymlaryň 10%-ni garyp ýurtlara bagyşlamagy sorady.

Doňuz dümewi bilen baglanyşykly soňky aýan edilen maglumatlar, bu kesel bilen çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny görkezýär. Doňuz dumewi bilen baglanşykly peýda bolan soňky maglumatlarda, bu keseliň dunyaniň 40 ýurdynda ýüze çykandygy, kesele uçranlaryň sanynyň takmynan on müň adama barabar bolandygy aýdylýar. Keselden 80-e golaý adamyň heläk bolandygy barada hem maglumatlar bar.

19-njy Maýda Ženewada, BMG-nyň gurnamagynda doňuz dumewine garşy waksina işläp tapmak dogrusynda ýorite maslahat geçirildi. Oňa farmaseftika önumleri bilen iş salyşýan 30-a golaý iri kompaniyalaryň wekilleri gatnaşypdyr.

Birleşen Milletler guramasynyň baş sekretary Ban Ki Mun, derman öndurijilerden, öndurilmeli sanjymlaryň 10%-ni garyp ýurtlara bagyşlamagy sorady. 30 kompaniyadan 6-sy bolsa, garyp ýurtlara ýardam bermäge taýýardygyny aýdypdyr.

“Wirusa garşy global raýdaşlygy, bu kesele garşy waksinalaryň hem-de dermanlaryň hemmeler üçin elýeterli bolmalydygyny aňladýar” diýip Ban Ki Mun bu maslahatda eden çykyşynda aýdypdyr. Şeýle-de ol dünyäniň durli ýurtlarynyň hökumetlerini, waksina öndüriji kompaniýalar bilen bilelekde işleşmäge çagyrypdyr.

Şol bir wagytyň özunde, Bütindünýä saglyk guramasy, 7 milliarda golaý adamdan ybarat bolan dünýä ilatynyň hemmesini upjün edip bolmajakdygyny hem boýun aldy. Bu keselden gyrgynçylyk emele gelen ýagdaýynda, hut garyp ýurtlaryň ilatyndan köp adamyň heläk bolmagynyň mümkindigi çaklanyp, bu barada alada bildirildi.
XS
SM
MD
LG