Sepleriň elýeterliligi

'Türkmenistandan Ýewropa gaz aksa, Orsyýetiň täsiri azalar.'


Swante Kornel: "Adam hukuklary we döwlet dolandyryşy boýunça gepleşiklere, Ýewropa Aşgabatdan has islegli garaýar."

Swante Kornel: "Adam hukuklary we döwlet dolandyryşy boýunça gepleşiklere, Ýewropa Aşgabatdan has islegli garaýar."

Soňky wagtlar Ýewropa Birleşiginiň Aşgabat bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge synanyşmagy, energiýa hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky soraglary döretdi. Şu tema boýunça Merkezi Aziýa we Kawkaz Instituty we Ýüpek Ýoly Programmasynyň ylmy-barlag direktory Dr.Swante Kornel bilen Azatlyk radiosyndan Myrat Nurgeldi söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Jenap Kornel, soňky döwür Türkmenistanyň Ýewropa Birleşigi bilen dürli ugurlar boýunça, esasan hem energiýa ugry boýunça has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ymtylýandygy baradaky habarlar has giňden ýaýrap başlady. Munuň nä derejede amala aşjakdygy möhüm bolşy ýaly, göz öňüne tutulýan şol gatnaşyklaryň geljeginiň hem möhüm ähmiýete eýedigi aýdylýar. Siziň pikiriňizçe şol gatnaşyklar esasy haýsy ugurlara esaslanýar?

Swante Kornel: Ýewro-türkmen gatnaşyklarynyň esasy üç ugrunyň bardygy belli zat diýip aýdyp bilerin. Günbataryň nukdaý nazaryndan seredilende, şol gatnaşykalar esasy üç bähbitli ugra bölünýär: energiýa we ykdysadyýet boýunça hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk hem-de demokratiýa we adam hukuklary boýunça gepleşikler. Umuman şeýle seredeniňde, adam hukuklary we döwlet dolandyryşy boýunça gepleşiklere, Ýewropa Aşgabatdan has islegli çemeleşýär. Türkmen hökümeti Ýewropa bilen regional howpsuzlyk meselesi boýunça gepleşiklere has uly gyzyklanma bildirýär. Taraplaryň ikisi hem energiýa we ykdysady hyzmatdaşlyga diýseň islegli. Ine şu gepleşikleriň esasy we gyzgaça mazmuny.

Azatlyk radiosy: Doktor Kornel, ýakynda, "Ýüpek ýoly" ylmy barlag merkeziňiz tarapyndan çap edilen, "Gazpromuň häkimiýeti we Hazar Energiýasynyň Eksport Alternatiwalary" diýen kitap bilen tanyş boldum. Şol ýerde siz, Azerbeýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň energiýa eksporty boýunça potensialynyň, Gazpromuňkydan ulydygyny belläp, NABUCCO söwda proýekti bolsa-da, syýasy goldawyň gerekdigini aýdypsyňyz. Şeýle hem Türkmenistanyň awtoritar döwlet gurluşyny üýtgetmegi üçin, ÝB-niň täze türkmen hökümeti bilen ýokary derejeli gepleşiklere başlamagynyň möhümdigini nygtapsyňyz. Ýöne bu ugurlar boýunça esasy alada bildirilýän zat, türkmen gazynyň NABUCCO turbalary arkaly Ýewropa akmagyna, Orsyýet päsgelçilikler döredip bilermi?

Swante Kornel: Elbetde, Orsyýetiň hökümeti, has anyk aýdanymyzda Orsyýetiň eli bolan Gazprom, Ýewropa öz eksportlaryny amala aşyryp bilmegi üçin, özüni Merkezi Aziýanyň gaz öndürijilerine garaşly etdi. Şonuň üçin Orsyýet, Türkmenistanyň energiýa ugry boýunça Ýewropa bilen göni gepleşiklere girişmeginiň öňüni almaga synanyşar diýip aýtsa bolar. Soňky 10 ýylyň içinde Kawkazda bolup geçen wakalara seretsek, Azerbeýjanyň garaşsyz hereket edýän döwlet bolandygyny, daşary syýasaty boýunça hiç kime garaşly bolman karar almagy başarandygyny görmek bolýar. Munuň sebäbi bolsa, bu ýurt özüniň tebigy gaz we nebit eksporty boýunça aýry aýry we garaşsyz ýollaryny howpsuzlaşdyrmagy başardy. Şonuň üçin, görnüşe görä Türkmenistan diňe bir Hytaýa energiýa eksport ugruny ýola goýmagy däl-de, eýsem Ýewropa hem gaz akdyrmagy başarsa, Orsyýetiň syýasaty bu ýurda az täsir eder. Elbetde Türkmenistan ýaly ýurtda Orsyýetiň täsiri entek uly we Orsyýet gaz monopoliýasyny saklamak üçin bu güýjini ulanmak isleýär.

Azatlyk radiosy: Jenap Kornel, bir tarapda adam hukuklary meselesi bar, bu bolsa Ýewropaly institutlaryň we guramalaryň esasy prinsipleri. Beýleki tarapda bolsa, energiýa howpsuzlygy meselesi dur. Ýewropa energiýa importy boýunça Orsyýete garaşly, Türkmenistan bolsa energiýa eksporty boýunça Orsyýete garaşly. Indi meniň berjek soragym, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy, bu ýurduň Ýewropa Birleşigi bilen gatnaşyklaryna nä derejede päsgelçilik döredip biler?

Swante Kornel: Men şuny diýerdim. Elbetde bu özara gatnaşyklara täsir edip biljek faktor. Emma şuny belläp geçesim gelýär. Günbataryň energiýa boýunça hyzmatdaşlary, umuman aýdanyňda adam hukuklary boýunça gowy orunlarda durýan ýurtlar däl. Saud Arabystany esasy nebit üpjünçisi, Orsyýet bolsa gaz ugry boýunça Ýewropanyň iň esasy hyzmatdaşy. Bu ýurtlaryň hiç biri, içerki adam hukularynyň ýagdaýyny gowulamaga ne isleg bildirdiler, ne-de şol tarapa ýykgyn etdiler. Söwda gatnaşyklary bilen syýasy ugurlary bolan gatnaşyklaryň arasynda tapawut bar. Türkmenistan ýaly ýurduň içerki syýasaty boýunça şuny ýatdan çykarmaly däl. Ýewropa nukdaý nazaryndan Türkmenistanyň üzňelikde saklanmagy, şol ýerdäki adam hukuklarynyň ýagdaýyna hiç hili peýda getirmändi. Hatda 2005-nji ýyla çenli Ýewropa Birleşigi bilen gatnaşyklary kesilen Özbegistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy has hem erbetleşdi. Şol sebäpli, bir ýurdyň ýaşaýjylarynýň gününi hakykatdan hem gowulamak isleýän bolsaň, şol ýurdy üzňeleşdirmek çözgüt däl. Dowamly gatnaşyklar, ýerli hökümeti gyzyklandyrýan hem-de adam hukuklary boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýan prinsipli strategiýalar, kä mahallar kyn hem bolsa, dürli ugurlar boýunça uzak möhletde netije berjek diplomatiýadyr.
XS
SM
MD
LG