Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aýda suwyň gözlegine niýetlenen iki raketa kosmosa uçuryldy


18-nji iýunda, ABŞ-nyň kosmos boyunça agentligi NASA, Aýyň ýüzüniň kartasyny çyzmak maksady bilen, hem-de Aýda suwyň gözlegine niýetlenen iki raketany, Florida ştatynda ýerleşýan Cape Canaverial poligonyndan kosmosa uçurdy. Bu pilotsyz raketalaryň uçurylmagy, 2020-nji ýyla çenli astronawtlary Aýa uçurmak programmasynyň bir bölegi bolup durýar diýlip maglumat berilýär. Raketalaryň birine, aýyň üstiniň üç ölçegli suratlaryny almak wezipesi ýuklenýär. Beýlekisi bolsa, aýyň üstünde bolup biljek buz örtükli ýaşyryn çöketlikleriň bardygyny anyklamaga programmalaşdyrylan, diýilip maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG