Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Walýuta fondy, Özbegistanyň ykdysady syýasatyny öwdi


Halkara Walýuta fondy, Özbegistanyň alyp barýan ykdysady syýasatyny öwüp çykyş etdi. Bu barada, Daşkente sapar eden Halkara Walýuta Fondynyň ýokary derejeli wekili Dominik Starauss Kana salgylanyp, Frans Press agentligi maglumat ýaýratdy. Halkara Walýuta Fondynyň çaklamagyna görä, şu ýyl Özbeklistanyň ykdysady ösüşi 7 prosente barabar bolmaly. Bu san, häzirki krisiz we global ykdysady çökgünligi döwründe, gaty ýokary görkeziji diýlip maglumat berilýär. Halkara Walýuta Fondynyň berýän tekiplerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarada, Özbek hökumetiniň ykdysady krisize garşy kabul eden planynyň şeýle gowy netije berendigini, bu guramanyň wekili aýdypdyr. Maglumatlara görä, 18nji iýunda, Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow hem de Özbek ministerleri, Halkara Walýuta Fondynyň ýokary derejeli wekili bilen duşuşyp, gepleşik geçiripdirler.
XS
SM
MD
LG