Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek-türkmen serhedi: geçen gaýdyp gelmezmi?


“Häzir türkmenleri özbeklere garşy goýmak tendensiýasy höküm sürýär” diýip Suhbat Abdulla aýdýar.
“Häzir türkmenleri özbeklere garşy goýmak tendensiýasy höküm sürýär” diýip Suhbat Abdulla aýdýar.

Soňky bir ‎‎ýylyň dowamynda, Horezmiň 24 sany raýaty Türkmenistanyň serhet goraýjylary tarapyndan ele salynyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilipdir. Bu habary Horezmdäki adam hukuklary bilen meşgul bolýan “Najot” atly guramanyň wekilleri mälim etdiler.

Horezm welaýatynyň Kuşkupir etrabynyň Ittifok atly obasynyň ýaşayjysy, 23 ýaşyndaky Mäşerip Gulamow , ýanynda ýene-de biri bilen 2007 –nji ýylyň 16-njy dekabr güni özbek-türkmen serhedini bikanun kesip geçende, türkmenistanly serhet goraýjylar tarapyndan ele salnypdyr. Mäşerip Gulamow häzir Baýramalydaky türmede jeza möhletini çekýär. Mäşeripiň maşgala agzalary onuň türmä basylandygy barasynda aradan 4 aý geçeninden soň habar alypdyrlar.

Mäşeripiň enesi Rozagül Ýusupowa, aradan bir ýarym aý geçen bolsa-da, entegem oglunyň näme üçin türmä basylandygyny bilmeýär. “Oglumy name bilen günäleýandiklerini bilmeýärin. Mäşeripi bir dosty gelip alyp gidipdi. Şol gideni-gideni, ol gaýdyp gelmedi.” diýip Ýusupowa aýdýar. “Olar bilmän serthetden Türkmenistana tarap geçip gidipdirler. Şondan bäri oglumy görmedim. Türkmenleriň eline düşip, şol ýerde türmä dykyldy. Ony sud edipdirler. Emma bize aýtmadylar. Sudyna baryp bilmedik. Ony görmedigimize ýarym ýyl boldy.”

Gulamow we Hasanowyň tussag edilişi

“Najot” guramasynyň başlygy Haýytbaý Ýakubowyň sözlerine görä, Mäşerip Gulamow bilen onuň dosty Jurýat Hasanow, serhetden bikanun geçenlikde we ýanynda neşe maddasy tapylanlykda günälenip 22 ýyl türme tussglygyna höküm edilipdir.

“Mäşerip Gulamow bilen Jurýat Hasanow diýen ýigide türkmenistanlylar öňler hem mal bakdyrýardylar. Olar bikanun araçäkden geçendikleri üçin türkmen serhet goraýyjylary tarapyndan ele salynypdyrlar. Olaryň jübüsinde 480 gram neşe maddasy çykypdyr” diýip Haýytbaý Ýakubow öňe sürýär.

Onuň sözlerine görä, Gulamow we Hasanow üçin nobatçy adwokatlar tutulypdyr. Beýle adwokatlar sudýalaryň, polisiýa işgärleriniň basyşlary astynda bolup, günälenýäniň tarapyny almaýarlar. “Şeýle-de Özbegistanyň raýatlary türkmen dilini bilmeseler-de olar üçin terjimeçi tutulmaýar.”

“Najot” guramasynyň barlaglary

“Najot” guramasy özbek-türkmen serhedinde monitoring geçirip, soňky bir ýylyň dowamynda türkmen serhet goraýyjylary tarapyndan 24 sany horezmliniň ele salynyp, soňra türkmen sudlarynyň hökümine görä, uzak möhletleýin türme tussaklygyna höküm edilendiklerini anyklapdyr.

Haýytbaý Ýakubowyň sözlerine görä, ele salynan özbegistanlylaryň aglaba bölegi, esasan hem serhedi bikanun kesip geçemekde günälenip ele salynanlardyr. “Tikenli simleriň ýok ýereleri bar. Suw howdanlarynyň geçilýän ýerleri bar. Özbegistanlylar şol ýerden geçýärler we şeýle ýagdaýda ele düşýärler. Bulara Türkmenistanyň kanunyna görä administratiw çäre görülmeli.”

Özbegistanyň raýatlaryna bir ýyldan 15-20 ýýla çenli türme jezasynyň berýändigini, Özbegistanda bolsa Türkmenistanyň raýatlaryna onuň ýaly uzak möhlet bermeýändigni Haýytbaý Ýakubow belleýär. “3 ýa-da 4 ýyl we olar tizlik bilen güňä geçişlige düşýärler. Özbegistanyň raýatlaryny goramaga hiç kimiň gurby ýetmeýär” diýip “Najot” guramasynyň başlygy Ýakubow aýdýar.
Özbegistanyň raýatlaryny goramaga hiç kimiň gurby
ýetmeýär.


Şeýle-de Haýytbaý Ýakubow özüniň “Najot” guramasynyň adyndan bu kanun bozmalar barasynda, “Ehweh” guramasynyň Daşkentdäki wekilligine, beýleki halkara guramalara we ilçihanalara ýüz tutandygyny we olaryň kömegi arkaly Türkmenistanyň hökümetine hem ýüz tutandyklaryny aýdýarlar. Emma türkmen tarapyndan hiç hili jogabyň bolmandygyny hem mälim edýärler.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Toparynyň başlygy Täjigül Begmedowanyň sözlerine görä, umuman Türkmenistanda bolup geçýän sud işlerine adalatly diýip bolmaýar. “Eger-de Özbegistanyň raýaty sud edilýän bolsa özbek ilcihanasyndan wekiller hökman gatnaşmaly.” diýip Begmedowa aýdýar. “Gynansakda, sud sistemasynda reforma geçirilmändigi sebäpli, şeýle bidüzginçilikler entegem bar.” Tajigul Begmedowa şeýle habarlaryň özlerine hem gelip ýetýändigini aýdýar.

Jenaýata görä jeza

Emma türkmenistanly öňki deputat Halmyrat Söýünow, ele salynan Özbegistanyň raýatlarynyň jenaýatlaryna görä jeza alýandyklaryny aýdýar. Onuň sözlerine göra, özbegistanly adam hukuklaryny goraýjylar, özlerini aklamak maksady bilen serhetden bikanun geçen öz raýatlaryna Türkmenistanda köp ýyllyk jeza berilemegini ýazgarmaklary mümkin. “Emma Türkmenistan garaşsyz döwlet. Onuň öz kada-kanunlary bar. Özbegistanyň raýatlary bu
Türkmenistanyň öz kada-kanunlary bar. Özbegistanyň raýatlary muňa hormat
goýmaly.
kada-kanunlara hormat goýmaly. Serhet tertibini saklamak özbek raýatlarynyň borjydyr. Emma häzirki günde özbek raýatlarynyň kontrabanda bilen meşgul bolýandygy hiç kime gizlin däl.” diýip Söýünow belleýär. “Ençeme ýyl bäri özbegistanlylar Türkmenistandan tehniki serişdeleri we benzini gizlin ýollardan geçirýärler. Beýle ýagdaýlary tertibe salmagyň wagty geldi.” diýip Halmyrat Söýünow aýtdy.

Özbegistanly garaşsyz synçy Suhbat Abdulla bolsa, özbek serhedindäki ýakymsyz habarlaryň köp bolmagyny sýyasat bilen baglaýar. “Özbek-türkmen serhedinde ýagdaý erbet. Häzir türkmenleri özbeklere garşy goýmak tendensiýasy höküm sürýär . Bu ýagdaý Nyýazow döwründe başlanypdy. Muny hiç kim togtadyp bilmedi. Ol häzire çenli dowam edýär.” diýip Suhbat Abdulla aýdýar.

Geçen maý aýynyň aýagynda, Türkmenistanda günä geçişlik yglan edildi. Onda 1600-den gowrak tussag azatlyga çykdy. Emma bu günä geçişlige uzak möhlet bilen türme tussaklygyna höküm edilen özbegistanlylaryň düşmändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG