Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek Owganystana harby däl ýükleriň daşalmagyna razy


Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Kadyrbek Sarybaýew, 19-njy iýunda eden çykyşynda, öz ýurdynyň territoriýasyndan Owganystana harby däl ýukleriň daşalmagyna, Gyrgyzystanyň ýol berýandigini mälim etdi. Sarybeýewiň aýtmagyna görä, bu barada Gyrgyzystanyň ABŞ bilen geçiren gepleşiklerinde ylalaşyga gelnipdir. Emma Sarybaýew, 24.kg internet saýtyna beren maglumatynda bu meseläni anyklaşdyrmandyr. Belli bolşy ýaly, daglyk ýerlelerde ýerleşýän Gyrgyzystanyň Owganystan bilen serhedi ýok. ABŞ şu çaka çenli Manas aeroportyny Owganystana ýük daşamak üçin ulanyp gelýär. Ýöne gyrgyz häkimiýetleri, amerikan tarapyndan bir näçe aýdan soň bu howa bazasyny terk etmegi talap edýär.
XS
SM
MD
LG