Sepleriň elýeterliligi

Gürji ofiser Orsyýetden syýasy baş pena sorady


Gürjistanyň harby goşunlarynyň ofiseri Alik Bzaniýa, prezident Saakaşwiliniň alyp barýan syýasaty bilen ylalaşman, Orsyýetden syýasy baş pena sorapdyr. 19-njy iýunda geçiren metbugat konferensiýasynda ,ol özüniň ofiserlik şahadatnamasyny hem görkezipdir. Alik Bzaniýa maý aýynyň ahyrynda Orsyýete baryp, syýasy baş pena sorap häkimiýetlere ýüzlenipdir. 9-njy iýunda bolsa, Orsyýetiň federal migrasiýa gullugy, Bzaniýa bosgunlyk statusyny bermek baradaky meselä garaýandygyny mälim edipdir. Gürjistanyň Daşary işler Ministrligi, Alik Bzaniýanyň yzyna gaýtarylmagy bilen bagly meseläni öňe sürmeýändigini, Azatlyk radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG