Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýada ulag partlap bir polisiýa işgäri heläk boldy


18-nji iýunda Ispaniýanyň demirgazygynda ýerleşýän Bilbao şäherinde ulag partlap, bir polisiýa ofiseriniň ölümine sebäp bolupdyr. Bu barada Ispaniýanyň resmileri habar ýaýratdy. Bu hüjümiň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady. Emma resmiler, hüjüme Bask separatistlerinden ybarat ETA toparynyň dahylynyň bardygyny guman edýärler. Soňky on ýyllyklarda bu topar takmynan 800 adamyň ölümine sebäp boldy.


XS
SM
MD
LG