Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda oppozisiýanyň ýöreýişlerine rugsat berilmedi


Eýrandan gowşan maglumatda, prezidentlik saýlawlarynyň netijeleri bilen ylalaşmadyk oppozisiýa, şu gün demonstrasiýa geçirmäge ýurduň häkimiýetleriniň rugsat bermändikleri habar berilýär. Şol sebäpden, oppozisiýa toparlary şu güne planlaşdyrýan protest ýöreýişlerini ýatyrmaga mejbur boldylar diýlip maglumat berilýär. 12-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşan reformaçy Mehdi Karrubiniň ýolbaşçylyk edýän Etemad-е Меlli partiýasynyň metbugat sekretary, bu barada Reuters habar agentligine beren maglumatynda mälim edipdir. Mundan öň Eýranyň ýerli metbugatynda hem, ýurduň protest gurnaýan esasy syýasy partiýalaryna demonstrasiýalary geçirmäge rugsat berilmändigi aýdyldy.

XS
SM
MD
LG