Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky howa hüjümleri netijesinde pidalar artdy


Maý aýynda Owganystanda amala aşyrylan howa hüjümleriniň netijesinde, 26 asuda ýaşaýjynyň heläk bolandygyny, Amerikan harbylary tassykladylar. Şol bir wagytyň özünde, parahat ýaşaýjylardan heläk bolanlaryň sanynyň agzalan sandan hem ýokary bolmagynyň mümkindigi aýdylýar. Owgan häkimiýetleri, 4-nji maýda amala aşyrylan howa hüjümleriniň netijesinde 140 parahat ýaşaýjynyň heläk bolandygyny aýtdylar. Dürli harby hereketler zerarly, Owganystanda heläk bolýan asuda ýaşaýjylaryň köpelmegi, Kabul bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlylygyň hem artmagyna getirýär diýlip bu baradaky maglumatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG