Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Kongresi, Eýrandaky ýagdaýy ýazgardy


ABŞ-nyň Kongresi, Eýranda geçirilen demonstrasiýalaryň basylyp ýatyrylmagyny ýazgardy. Bu mesele bilen baglanşykly geçirilen ses berişlikde, bir adamdan başga hemme 405 deputat, Eýranda ýüze çykan bu ýagdaýy ýazgardy. Ýewropa Birleşiginiň liderleri hem, Eýran hökümetini asuda demonstrasiýalara ýol bermäge çagyrdylar. Bu barada 20-nji iýunda ýaýradylan beýanatda, “Eýran häkimiýetleri asuda demonstrasiýa çykanlara garşy güýç ulanmakdan saklanmaly” diýilýär. 19-njy iýunda, Ýewropa Birleşiginiň liderleri Eýranyň ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň eden çykyşyndan soň şeýle çagyryş bilen Eýran häkimiýetlerine ýüzlendiler.

XS
SM
MD
LG