Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky çaknyşyklarda azyndan 10 adam öldi diýlip habar berilýär


Eýranyň döwlet mediasy, polisiýa bilen “terror” toparlarynyň arasyndaky çaknyşyklarda azyndan 10 adam ölüp, 100-e golaý adam ýaralandy diýip habar berýär. Ýurduň häkimiýetine garşy çykmak üçin Şenbe güni Tähranyň merkezinde ýygnanyşan müňlerçe protestçileri dargatmak üçin, howpsuzlyk güýçleri göz ýaşardyjy enjamlary, suw kanonlaryny we dubinkalary ulandy. Döwlet telewideniýesi, başbozarlar iki sany benzin stansiýasyny otlap, bir harby nokada hüjüm etdiler diýip habar berdi.
XS
SM
MD
LG