Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň Daşary işler ministri 27 ÝB diplomatyny çagyrdy


Çehiýanyň Daşary işler ministri Ýan Kohoutyň aýtmagyna görä, şu gün Tähranda Eýranyň Daşary işler ministri Çehiýanyň wekilini, hem-de onuň ÝB-den 26 kärdeşini ýanyna çagyrypdyr. ÝB-niň wagtlaýyn prezidentligini alyp barýan Çehiýa respublikasynyň Daşary işler ministri Kohout anyk maglumatlar bermedi, emma ÝB-niň bilelikdäki reaksiýa beýanatyny taýýarlaýandygyny aýtdy. Soňra onuň metbugat wekili Milan Repka, ÝB-niň diplomatlarynyň öz pozisiýalaryny beýan etmeklerine rugsat berilmändigini tassyklady.
XS
SM
MD
LG