Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Inguşetiýanyň prezidenti partlama netijesinde agyr ýaralandy


Orsyýetiň dawaly Demirgazyk Kawkaz regiony bolan Inguşetiýanyň prezidenti, şu gün awtomobil kerweniniň golaýynda bomba partlamagy netijesinde agyr ýaralandy. Orsyýetiň resmileriniň aýtmagyna görä, partlamany jandan geçen bombaçy kerweniň içine bombaly awto-ulagyny sürüp amala aşyrypdyr. Moskwada, Orsyýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hüjümi ýazgaryp, muny garakçylaryň işi diýip atlandyrdy. Şeýle hem Medwedew, Içeri işler ministrligine we döwlet gizlin gulluklaryna hüjümi derňemegi tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG