Sepleriň elýeterliligi

Obama: Demirgazyk Koreanyň ähtimal raketa hüjümine ABŞ taýýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Demirgazyk Korea tarapyndan ähtimal atyljak islendik raketa garşy, ABŞ-yň harby güýçleriniň taýýardygyny aýtdy. Obamanyň bu beýanatynyň harby gaýtargy barada duýduryşdygy ýa-da däldigi soralanda, ol ýok diýip jopap berdi. Demirgazyk Korea 25-nji maýda ýadro synagyny amala aşyrdy we BMG Phenýany has ýiti sanksiýalar bilen jezalandyranyndan soň, Gawai adalaryna tarap uzakaralyk üçin niýetlenen raketa atmagy göz öňüne tutýan bolmagy ahmal diýip bellenýär.
XS
SM
MD
LG