Sepleriň elýeterliligi

Strategiki Ýaraglaryň Azaldylmagy Şertnamasy maslahatlaşylar


ABŞ we Orsyýet, Strategiki Ýaraglaryň Azaldylmagy Şertnamasyny täzelemek boýunça şu hepde Ženewada iki günlük gepleşik geçirerler. Eger ABŞ Gündogar Ýewropada raketa goranyş sistemalaryny ornaşdyrmak boýunça planlaryndan ýüz öwürse, Orsyýet ýadro ýaraglaryny uly möçberde azaltamaga taýýardygyny aýdýar. 1991-nji ýylda ýola goýlan START şertnamasy Amerikanyň we Orsyýetiň ýadro ýaraglaryny örän azaldypdy. Şol şertnamanyň möhleti 5-nji dekabrda dolýar we ABŞ-yň prezidenti Barak Obama iýul aýynda Moskwa sapar etmezden ozal, taraplaryň ikisi hem täze ylalaşyk boýunça öňe gidişlik gazanmagy umyt edýär.

XS
SM
MD
LG