Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina 250 sany kontrabanda pyşdyly saklady


Ukrainanyň serhet goragçylary, demir ýoly arkaly Merkezi Aziýa ýurdy Özbegistandan bikanun getirilýän 250 sany pyşdyly saklandyklaryny aýdýarlar. Sehet howpsuzlygy gullugynyň beýanatynda, Ors-Ukrain serhedinde Ýekşenbe güni agşam barlag geçirilýan wagty, şol pyşdyllaryň üstüniň açylandygy aýdylýar. Şeýle hem şol beýanatda, haýwanlaryň dürli ýerlerde gizlenendigi we olaryň hereket etmezlikleri üçin bant bilen daňylandyklary bellenýär. Pyşdyllaryň hemmesiniň ýagdaýynyň gowydygy habar berildi. Olar häzir Ukrainanyň Harkow şäherindäki haýwanat bagyna getirilipdir.

XS
SM
MD
LG