Sepleriň elýeterliligi

Inguşystanyň prezidentine hüjüm edildi


Ýewkurowa edilen hüjümde hem Demirgazyk Kawkazyň garşylyk hereketiniň eliniň bardygy çak edilýär.

Ýewkurowa edilen hüjümde hem Demirgazyk Kawkazyň garşylyk hereketiniň eliniň bardygy çak edilýär.

Sekiz aý mundan ozal, Orsyýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew tarapyndan Inguşystanyň prezidenti wezpesine bellenen harby razwedka ofiseri Ýunusbek Yewkurow, 22-nji iýnda Nazrandan Magasa barýarka ýolda maşynynda bolan bomba partlamasy netijesinde agyr ýaralandy.

Ýewkurowyň inisiniň we 3 sany jan penasynyň heläk bolandygy, hem-de ýene 5 jan penasynyň Duşenbe günindäki partlamada ýaralanandygy habar berilýär. Käbir maglumatlarda hüjüme öz janyndan geçen terrorçynyň sebäp bolanlygy çak edilýär.

‘Hüjümler ýyly’

Soňky 5 ýylyň dowamynda ýurduň Içeri işler ministligine çeçen we inguş söweşijileri tarapyndan edilen we çak bilen 80 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümler hasaba alynyp, Ýewkurowa edilen hüjümde hem Demirgazyk Kawkazyň garşylyk hereketiniň eliniň bardygy çak edilýär.

Aprel aýynyň aýagynda garşylyk hereketiniň ýolbaşçysy Doku Umarow özüniň wideo ýüzlenmesinde, Riyadus Salikhiin atly öz janyna kast edijiler toparynyň dikeldilenligini aýdypdy we şu ýylyň hüjümler ýylyna öwrüljekdigini duýdurypdy.

Geçen üç hepdäniň dowamynda Dagystanyň Içeri işler ministri general-leýtenant Adilgireý Magomedtagirow we Inguşystanyň iki resmisi öldürilipdi.

Emma Ýewkurowa edilen hüjümiň jogapkärçiligi garşylyk hereketiniň kavkazcenter.com, şeýle-de Inguşystanyň garşylyk hereketiniň saýty ýaly Internet sahypalarda boýun alynmady.

Agyr problemalar

Orsyýetiň düzümindäki iň durnuksyz we garyp respublikalaryň biri bolan Inguşystana ýolbaşçy bellenenden soň, Ýewkurow hökümediň ähli gatlaklaryny gurşap alan korrupsiýa we dolandyrmak ukypsyzlygy ýaly agyr poblemalar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy.

Ýewkurow şeýle-de Inguşystanyň az sanly emma täsirli oppozisiýasy bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşdy.

Orsyýet - Inguşystanyň prezidenti Ýunusbek Ýewkurow, Iýun 12, 2009
Kreml tarapyndan bellenen täze prezidentiň respublikanyň netijesiz ykdysadyýetini dikeltmegi we işsizlik derejesini peseltmegi başarjagyna umyt baglandy. Häzirki wagtda Inguşystan işsizlik boýunça örän agyr ýagdaýda.

Ýewkurowa baglanan esasy umytlar bolsa regionyň garşylyk hereketi tarapyndan polisiýa, goşuna we howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine edilýän hüjümleri azaltmak meselesine bagly bolupdy. Diňe 2008-nji ýylyň özünde Inguşystanda azyndan 61 sany terrorçylyk wakasy bolupdy. Olaryň netijesinde 70 gowrak polisiýa işgäri we harbylar öldürilipdi, 167 adam ýaralanypdy. Hüjümlere jogap hökmünde polisiýa dinçileri atmak ýaly çäreleri ulanyp, musulman dinine uýýan ýaşlary Yslam söweşijileri diýip atlandyrmak bilen meşgullandy.

Ýunusbek Ýewkurow öz tarapyna birnäçe ýaş oppozisiýa aktiwistlerini çekmegi başardy. Ol korrupsiýany ýok etmek boýunça çärlerine görkezilen garşylygy basyp ýatyrmak işine aktiw girişdi. Geçen hepdede mobil telefon nomerlerini yglan edip, raýatlary korrupsiýa wakalary, adamlaryň işden bikanun kowulmagy ýa aýlyklaryň wagtynda berilmezligi bilen bagly ýagdaýlar barada habar bermäge ündedi.

Ýewkurowyň korrupsiýa garşy soňky wagtda amala aşyran işleri, oňa edilen hüjümiň aňyrysynda Inguşystanyň öňki prezidenti Myrat Zýazikowyň durmagy ähtimal, diýen çaklamalary hem döretdi.

Zýazikowdan tapawutlylykda Ýewkurow jemgyýetçilik wekilleri bilen duşuşyk geçirmek, halky aladalandyrýan meselelerden habarly bolmak ýaly ädimleri ätdi we şu maksatly elektron adresini açdy.

Medwedewiň goldawy

Orsyýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Ýewkurowa goldaw bildirip, şu ýylyň ýanwar aýynyň aýgynda Magasa eden gysga wagtlyk saparynyň dowamynda, Inguşystanyň ykdysadyýetini dikeltmek maksatlaryna 29 milliard rubl (877,8 million dollar) puluň beriljekdigini aýtdy. Ýewkurowa hüjüm edilmegi bilen baglylykda eden çykyşynda, Dmitriý Medwedew Inguşystanyň häzirki ýolbaşçysynyň ýurtda tertip-düzgüni ýola goýmak we parahatçylygy dikeltmek boýunça eden işlerine ýokary baha berdi.
XS
SM
MD
LG