Sepleriň elýeterliligi

Türkmen DIM-iň ýolbaşçysy Waşingtonda


Düýn Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýorite sapar bilen Birleşen Ştatlaryň paýtagty Waşingtona bardy. Iýunyň 25-ne çenli dowam etjek bu saparynyň barşynda, Raşid Meredowyň ýokary derejeli amerikan resmileri bilen gepleşikler geçirmegine garaşylýar.

Prezident Barak Obamanyň administrasiýasyndan öz adynyň tutulmagyny islemedik bir ýokary derejeli resmi, Raşid Meredowyň anyk kimler bilen duşuşjakdygy barada häzirlikçe özünde maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Ýone şeýle-de bolsa, ol geçiriljek gepleşiklerde, Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklaryna degişli giň gerimdäki meseleleriň ara-alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygyny bildirdi.

Soňky wagtlar Türkmenistanyň häkimiýetleri Orsyýet bilen birneme ýaramazlaşan gatnaşyklaryň fonunda, Ýewropa Birleşigi hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen hyzmatdaşlyklary gowulandyrmaklyga uly üns berýärler.
XS
SM
MD
LG