Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň ýokary derejeli resmisi Owganystanda


ABŞ-niň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýms Jones, Waşingtonyň Talyplara garşy täze strategiýasyny maslahatlaşmak üçin Kabula bardy. Ol şu gün prezident Hamid Karzaýi we 20-nji awgustdaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjak käbir dalaşgärler bilen duşuşar. Saparynyň dowamynda Jones, ýerli resmiler, ABŞ-li diplomatlar, amerikan harbylary we Owganystanda esgerleri bar bolan ýurtlaryň wekilleri bilen hem pikir alyşar. Prezident Obamanyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jonesiň, Päkistana we Hindistana hem sapar etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG