Sepleriň elýeterliligi

'Human Rights Watch' Türkmenistan babatda Klintona ýüzlendi


Human Rights Watch guramasy Hillari Kintonyň adyna ýollan açyk hatynda: “ABŞ Türkmenistanyň resmilerine çäre görmegi ündemeli” diýip birnäçe talaplary öňe sürdi.

Human Rights Watch guramasy Hillari Kintonyň adyna ýollan açyk hatynda: “ABŞ Türkmenistanyň resmilerine çäre görmegi ündemeli” diýip birnäçe talaplary öňe sürdi.

23-nji iýunda Waşingtonda boljak türkmen-amerikan gepleşikleriniň öňüsyrasynda, adam hukuklary boýunça Human Rights Watch guramasy ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň adyna açyk hat ýollap, ynsan hukuklaryna hormat goýmak meselesiniň özara gatnaşyklarda esasy rol oýnaýanlygyny nygtamak üçin, Türkmenistan bilen gepleşiklerinde ABŞ-niň pursatdan peýdalanjakdygyna umyt baglady.

Human Rights Watch guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Mariýa Lisitsina, Waşington bilen Aşgabadyň arasynda dürli ugurly gatnaşyklara gyzyklanma artýarka, ynsan hukuklaryna aýratyn üns berilmeginiň ähmiýetini nygtady: “Hillari Klintonyň Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen gepleşiklerinde howpsuzlyk, Owganystana ýük daşamak, energiýa we gaz hyzmatdaşlygy ýaly meseleleriň gozgalmagyna garaşylýar. Biz hanym Hillari Klintona, gepleşiklerde ynsan hukuklaryna degişli problemany hem gozgamagy ündemek maksady bilen, oňa açyk hat bilen ýüzlendik.”

Şeýle hem Mariýa Lisitsina, Türkmenistanyň hökümeti ýagdaýy gowulandyrmak üçin zerur bolan minimal ädimleri ädensoň, amerikan hökümetiniň onuň bilen hyzmatdaş boljakdygy aýdylmaly diýip hasap edýändiklerini Azatlyk radiosyna aýtdy.

Öňe ädim bar, yöne az

Human Rights Watch guramasynyň açyk hatynda, Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geleli bäri Nyýazowyň sosial syýasatynyň käbir aýylganç çärelerini ýatyrmak boýunça ädim ädendigi, ýurtda konstitusion reformasynyň amala aşyrylandygy, käbir raýatlar babatynda ýurduň daşyna çykmak gadagançylygyň ýatyrylandygy, az sanly syýasy tussaglaryň boşadylanlygy bellendi.

“Şol bir wagtda-da Türkmenistanda syýasy tussaglary azat etmek meselesi çözülmän galýar, türkmen häkimiýetleri şeýle işlere garamakdan boýun gaçyrýarlar, ýurtdan çykmagy gadagan edilen adamlaryň sanawy öz güýjünde galýär we oňa ýene täze adamlar goşulýar, hökümede degişli bolmadyk
Žurnalistler gizlin işlemäge mejbur
bolýarlar.
garaşsyz guramalaryň ýurtda işlemäge mümkinçiligi ýok, halkara habar beriş serişdeleri bilen işleşýän žurnalistler bolsa gizlin işlemäge mejbur bolýarlar, olar yzarlamalara sezewar edilýärler” diýip, HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýuça wekili Mariýa Lisitsina aýtýar.

Onuň bellemegine görä, Türkmenistan daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny giňeltmeginiň çäginde soňky döwürde hökümetara delegasiýalar we biznes wekilleri üçin açylýar, emma ýurtda geçirilýän resmi çärelere žurnalistler berk gözegçilik astynda we çäkli derejede gatnaşdyrylýar, ynsan hukuklaryny goraýjylar üçin bolsa Türkmenistan öňküsi ýaly ýapyklygyna galýar. “Umuman ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalarynyň Türkmenistan boýunça alyp barýan işinde soňky döwürde üýtgeşiklik ýok diýen ýaly” diýip, HRW-niň wekili Mariýa Lisitsina belleýär .

Lisitsina, Human Rights Watch guramasynyň 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistana barmaga mümkinçiliginiň ýokdugyny bellemek bilen, halkara guramalaryna ýurdyň içine baryp, ýagdaýlary öwrenmäge rugsat bermeýän ýeketäk Merkezi Aziýa döwletiniň Türkmenistandygyny, şeýle hem türkmen hökümetiniň halkara guramalarynyň hatlaryna hem jogap bermeýändigini aýtdy.

Demokratiýanyň şerti

Adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň jemgyýetleriň demokratiýa taýdan ösüşi üçin zerur şert bolup durýanlygyny bellemek bilen, HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili Mariýa Lisitsina, adam hukuklaryny goramak boýunça halkara guramalarynyň alyp barýan işi bilen deň derejede her bir ýurduň milli guramalarynyň hem ähmiýetini nygtady: “Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalardan daşary, milli guramalaryň hem uly ähmiýeti bar. Şeýle guramalar häkimiýetiň deňagramlylygynyň üpjün edilişine syn etmeli. Olar her bir raýaty häkimiýetiň eden-etdiliginden goramak ugurynda hereket etmeli.
Hiç bir häkimiýet raýatynyň hukuklaryny inkär etmeli däl.
Şeýle guramalar ähli ýurtlarda, şol sanda ABŞ-de hem bar.”

Mariýa Lisitsinanyň aýtmagyna görä, adamlaryň hak-hukuklary her bir ýerde bozulýar. Emma ynsan hukuklarynyň bozulyşynyň derejesi dürli ýurtlarda tapawutlanýar. “Her bir adam öz durmuşyny özüçe planlaşdyryp, erkin ýaşamaga hakly we hiç bir häkimiýet raýatynyň hukuklaryny inkär etmeli däl. Ynsan hukuklaryny goraýjylar syýasy partiýalara gatnaşygy bolmadyk we häkimiýete dalaş etmeýän, emma demokratik prosessleriň berjaý edilişine daşdan syn edýän guramalardyr”.

Açyk hatda nämeler nygtaldy?

Human Rights Watch guramasy Hillari Kintonyň adyna ýollan açyk hatynda: “ABŞ Türkmenistanyň resmilerine çäre görmegi ündemeli” diýip birnäçe talaplary öňe sürdi. Şol talaplaryň arasynda, hususan-da Türkmenistanda hökümete degişli bolmadyk garaşsyz guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hökümetden garaşsyz işlemegine ýol bermek, BMG-niň din azatlygy boýunça ýörite dokladçysynyň rekomendasiýalaryny ýerine ýetirmek, syýasy sebäplere görä tussag edilen adamlary, şol sanda Gulgeldi Annanyýazowy, Annagurban Amangylyjowy we Sapardurdy Hajyýewi boşatmak, 2002-nji ýylyň noýabr aýynda Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygynda aýyplanyp tussag edilen Boris we Konstantin Şyhmyradowlaryň, Batyr Berdiýewiň we beýlekileriň ykbaly barada habar bermek, şeýle hem Nyýazowyň häkimiýetiniň pidalarynyň çeken zyýanynyň öwezini dolmak boýunça milli derejedäki prosessi ýola goýmak ýaly meselelere üns berildi.

“Türkmenistanyň täze ýolbaşçylary Nyýazowyň repressiw syýasatyny ýok etmek boýunça wajyp ädimleri ädip başladylar. ABŞ, biznes we energiýa boýunça öz hyzmatdaşlarynyň, ynsan hukuklary ugurynda hem ýokary standartlara laýyk bolmagyna garaşýadygyny Türkmenistana görkezmeli” diýip 23-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygyň öňýanynda ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klintona ýollan açyk hatynda, Human Rights Watch adam hukuklary boýunça guramasy belledi.
XS
SM
MD
LG