Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly aklawçylar bilimini artdyrýar


Begmedowa:"Sudýalaryň ýa-da halkyň saýlan kandidaturasyny ýurduň parlamenti tassyklamaly."
Begmedowa:"Sudýalaryň ýa-da halkyň saýlan kandidaturasyny ýurduň parlamenti tassyklamaly."

Adalat sistemasynda adalatyň dikeldilmegi üçin bu geçirilýän çäreler ýeterlikmi? “Azatlyk” radiosynyň “Adam hukuklary” programmassyny alyp baryjy Ýowşan Annagurban bu barada Bolgariýadaky Türkmenistan Helsinki Fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanyň “Altyn asyr” internet saýty 18-nji iýunda “Hukuk ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen” diýen at bilen bir makala çap edip, Aşgabatda aklawçylyk işini amala aşyrmagyň halkara standartlary barada iki günlük seminar geçrilendigini habar berdi. Siz hukuk goraýjy hökmünde bu täzelige nähili garaýarsyňyz?

Täjigül Begmedowa: Täze prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda täze özgertmeler syýasatyny yglan edip, öňki prezident tarapyndan ýapyk saklanan adalat sistemasyny az-kem açyp, halkara delegasiýalaryna Türkmenistana gelmäge ýol açdy. Bu ýagdaý adalat sistemasynyň täzeçe işlemegi üçin zerur bolan seminarlary we konferensiýalary geçirmäge mümkinçilik berdi. Seniň aýdýan seminaryň hem şol çäreleriň biri. Meniň pikirimçe, bu zerurlyk. Sebäbi türkmen aklawçylary, şol sanda ýuristler, sudýalar hem halkara standartlary boýunça işlemek isleýärler. Emma Türkmenistanda bu islegiň amala aşmagy aňsat däl. Sebäbi ýurtda halkara standartlaryna laýyk gelýän kanyn goraýjy, sud we polisiýa sistemasy ýok. Metbugat, söz azatlygynyň bolmazlygy hem ýagdaýy kynlaşdyrýar. Munuň üstesine, ýurt içinde graždan aktiwisti bolmak mümkinçilikleri hem örän çäklendirilen.

Bu ýerde ýene bir bellemeli zat bolsa, Türkmenistanda ýuristler üçin ýokary hilli, formal däl okuwlar seýrek geçirilýär. Şu sebäpden ýerli aklawçylar siziň aýdýan seminarlaryňyzy uly höwes bilen garşy alýarlar. Biziň ýurt içindäki synçylarymyzyň aýtmaklaryna görä, hukuk ugrundan işleýän türkmenistanlylar halkara standartlary barada täze bilim-düşünjelere teşne we eger bu ugurdaky boşluklar doldurylsa, muny diňe gutlap bolar. Ýerli ýuristlering biri biz bilen eden gürrüňinde “şular ýaly maslahatlar ýygy-ýygydan geçirilse gaty gowy bolardy, sebäbi bizde ösen ýurtlaryň bu ugurdaky tejribeleri baradaky maglumat örän ýetmezçilik edýär” diýdi. Onuň pikiriçe, bu hili okuwlar iki günlük däl-de, azyndan iki hepdelik, bolsa aýlyk geçirilmeli. Ýerli ýuristler daşary ýurtly bilermenleriň berýän sapaklarynyň özleri üçin gaty peýdalydygyny aýdýarlar.

Azatlyk radiosy: Türkmenistanda “Nyýazow döwründe sudda aklawçylaryň roly tasdan nola düşdi” diýen pikirler aýdylýar. Bu ýagdaý indi üýtgeýärmi, sizde soňky ýyllarda sudlaryň geçişi, ol sudlarda günälenýäniň özüni goranak mümkinçiliginiň üpjün edilişi barada maglumat barmy?

Täjigül Begmedowa: Ozalky prezident Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda türkmen sud, prokuratura, polisiýa we aklawçylyk sistemasy gaty agyr ýagdýa salyndy. Has anygy, ýurtda hukuk gorayjy işgärleriň hemmesi diýen ýaly berk gözegçilik astna alyndy. Aklawçylaryň işi bolsa tasdan öz ähmiýetini ýitirdi. Gynansak-da, bu ýagdaý entek üýtänok we hukuk goraýyş sistemasynda şertler oňküligine galýar. Gürrüňini edýän seminarymyz geçirilenden soň, ýagdaýy anyklamak maksady bilen, biz şol seminara gatnaşan ýuristleriň biri bilen habarlaşdyk. Ol “Biz özümiziň hünär derejämizi az-kem ýokarlandyrdyk, emma bu bilimi ulanmaga mümkinçilik ýok” diýdi.

Biziň Aşgabatdaky synçymyzyň pikirine görä, türkmen aklawçylary öz başgaça ýa-da häkimiýetleriňkiden sähel tapawutlanýan pikir-garaýyşlary üçin hem jezlandyrylmakdan gorkýarlar we bu ýagdaý olaryň öz müşderilerini hemme taraplaýyn goraga almak mümkinçiliginden mahrum edýär. “Onsoň bular ýaly seminarlaryň aklawçylar näme kömek etjegini bilemok” diýip, ol biz bilen eden gürrüňinde aýtdy. Häzirki wagtda Türkmenistanda garaşsyz sud sistemasy ýok, ähli ýuristlere berk gözegçilik astynda saklanýar. Hukuk goraýyş sistemasynda korrupsiýa we jenaýat baradky işleriň aglabasy bir topar kemçilik bilen suda ugradylýar. Sudlarda bolsa telefon arkaly mesele çözmek, para-peşgeş usullary saklanyp galýar. Ýerli ýuristleriň köpüsi ýagdaýyň üýtgemeýändigini, bu ýagdaýda halkara standartlary boýunça alnan bilimleriniň durmuşda ulanylyp bilinjegininiň gümanadygyny aýtdylar. Soňky wagtda men ýerli ýuristleriň üçüsi bilen duşuşdym. Olar halkara standartlaryna laýyk iş alyp barmaga doly şertiň döredilmeýändiginden zeýrenýärler.


Azatlyk radiosy: Turkmen sud, adalat sistemasynda açyklyk, “transparensi” meselesine nahili garaýarsynyz, bu ugurda nähili tendensiýalar gözüňize ildi?

Täjigül Begmedowa: Türkmenistanda henize çenli kanun däl-de, awtokratiýa oňe sürülýar. Meniňçe, Türkmenistanyň adalat sistemasyndaky esasy tendensiýa şundan ybarat. Hukuk goraýyş sistemasy entäk bitarap däl, ol sistemalaýyn krizis batgasynda otyr. Bilşiňiz ýaly, 2007-nji ýyldan bäri resmiler ýurduň prezidentiniň ýanynda raýatlaryň hukuk goraýan işgarleriň işi barada ýazan arz-şikaiatlaryna seredýän ýörite kommisýa döredip, raýatlaryň hukuklaryny goramak boýunça ýorite milli programmany kabul etdi. Bu ugurda yzygiderli ýygnaklar geçirildi we başga-da birnäçe ädim ädildi. Ýöne şol ädimler ýüzley bolansoň, mesele dolulygyna çözülmän galdyryldy. Netijede, sud sistemasynyň yapyklygy dowam edýär. Korrupsiýa we telefon arkaly iş çözmek, häkimýet wekilleriniň eden-etdilikleri, olaryň bikanun işleri ýaşyrmakda biri-biriniň arkasyny tutmagy we göze-başa düşmekleri esasy tendensiýa bolup galýar.

Soňky 17 ýylyň içinde türkmen okuw jaýlarynda şahsyýet kulty ideologiýasy we propagandasy güýçli wagyz edildi. Şonuň üçin hem ýerli ýuristleriň aglabasy öz işini gowy bilmeýär. Bilşimiz ýaly, bu döwürde ýaşuly ýuristleriň uly tapgyry pensiýa çykdy ýa-da yzarlamar esasynda işsiz galdy. Olaryň göçüp gidenleri-de az däl. Netijede, ýurtda hakyky bilim-sowatly, çuň taýýarlykly ýuristleriň sany gaty azaldy.
Bu ýerde aýratyn bellemeli bir zat bar, eger ýuristlere “syýasy” iş bilen ýüzlenilse, aglaba aklawçylar bular ýaly müşderileriň işinden ýüz öwürýärler. Ýöne bu ýerde aklawçynyň şeýle işi kabul etmegi hem ýagdaýy üýtgetmeýär. Sebäbi aklawçy barybir öz müşderisiniň däl-de, resmileriň bähbidini goramaly bolýar. Onsoň türkmen ýuristleri metbugat arkaly hem öz sözlerini jemgyýetçilige ýetirip bilmeýärler.

Azatlyk radiosy: Türkmen sud sistemasyny halkara standartlaryna golaýlatmak üçin anyk nämeler edilse gowy bolar öýdýärsiňiz?

Täjigül Begmedowa: Ilki bilen çuňňur we hemme taraplaýyn reformalar geçirmeli. Ýogsam “ýuristlerde sistemanyň açyk bolmagy dürli pikirler bolup biler, ýone ol pikirleri aýtmaga hem durmuşa geçirmäge kim ýol berer?” diýen sorag ýüze çykýar. Azatlyk, erkinlik bolmasa, sudýalaryň we aklawçylaryň täze talaplar esasynda okadylmagy ýa olara daşary ýurtly bilermenleriň sapak bermegi uly bir netije bermez. Eger ýurtda hemme taraplaýyn azatlyk bolsa, syýasy-ykdysady azatlyk dilde, sözde däl-de, iş ýüzünde bolsa, onda resmileriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, telewideniýede çykyş edip berýän wadalaryna ynanyp bolar. Azatlyk bolmasa, bu wadalaryň hemmesi biderek. Eger ýurduň adalat sistemasyndaky ýagdaý hakykatdan hem üýtgediljek bolsa, kanunçylygyň we demokratiýanyň ösen ýurtlarynda bolşy ýaly, aklawjylar, aktiwistler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri häkimiýetleriň üstünden, suduň, prokuraturanyň we polisiýanyň üstinden garaýan jemgyýetçilik gözegçisiniň ornuny tutmaly. Mysal üçin, Türkmenistanda häzir jaýlary ýykylan we öwezine ne jaý, ne-de pul berlen adamlaryň basgylanan hukuklary barada gazýetlerde, telewideniýede ne žurnalist, ne ýurist, ne raýat aktiwisti, hiç kim dil ýaryp bilemýär.

Sözümizi jemläp aýtsak, türkmen adalat sistemasyny halkara standartlaryna golaýlatmak üçin şu zatlar edilmeli:

Sud dişlenişikleri açyk bolmaly, sudyň geçiriljek wagty, Ýewropa ýurtlaryndaky ýaly, açyk bildirişde görkezilmeli, şol suda jurnalistler, döwlete degişli däl guramalar sud diňlenişiklerine erkin gatnaşyp bilmeli;

Sudýalar üçin Türkmenistanda we daşary ýurtlarda gysga we uzak möhletli hünäriňi ýokarlandyryş kurslary geçirmeli;

Ombudsmen we sudýalar bitarap bolmaly, munuň üçin sudýalary ýa halk saýlamaly, ýa-da sudýalaryň özleri öz aralarynda iň abraýly sudýany saýlamaly. Şondan soň sudýalaryň ýa-da halkyň saýlan kandidaturasyny ýurduň parlamenti tassyklamaly;

Elbetde, daşary ýurtlarda alnan hukuk diplomlary Türkmenistanda kabul edilmeli, ýagny “kanuny” diýlip yglan edilmel. Bu işi, bilşiňiz ýaly, Türkmenistan eýýam başlan ýaly görünýär.

Umuman, her hili ýollary ulanmaly. Ýewropanyň ekspertleri Balkan ýurtlarynda sudýa boljak ýurist ilki bilen birnäçe ýyl adwokat bolup işlemeli diýýärler. Olar şeýle ýurist jenaýat bilen bagly umumy ýagdaýa, şol sanda müşderiniň ýagdaýyna has gowy düşünýär diýýärler. Ýene bir bellik, korrupsiýa azalar ýaly, adalat sistemasyny ähli işgäri her ýyl açyk salgyt hasabatyny bermeli. Bu hasabat gazýetlerde, habar berish serişdelerde görkezilmeli: kimiň näçe girdejisi bar, emlägi, ulagy we şuňa meňzeş zatlar jemgyýetçilige yzygiderli aýan edilip durulmaly. Şonda kanun goraýjy işgärleriň arasynda çuň kök uran korrupsýa öz-özünden azalyp gider.

Elbetde, bu reformalary geçirmek üçin wagt gerek, ýone olaryň käbirini edil şu wagt geçirse-de bolar. Mysal üçin, reabilitasiýa yglan edilmeli; Nyýazow döwründe, syýasy ýagdaý bilen bagly türmä basylan adamlaryň işlerine täzeden, açyk we garaşsyz sud esasynda seredilmeli; Giriş-çykyş azatlygyny üpjün etmek üçin gara sanawlary ýok etmeli, biler bolsaňyz, şol sanawda ýuristleriň hem atlary bar. Ýapyk sud geçirmek praktikasyny goýbolsun etmeli;
Türkmenistan Strasburg sudynyň şertnamasyna gol çekip, Ýewropa raýatlarynyň Strasburg suduna ýuzlenmäge hukugynyň bolşy ýaly, Türkmen raýatlaryna-da şeýle mümkinçiligi bermeli; BMG-niň hemme monitoriň-gözegçilik sistemalaryna Türkmenistana yzygiderli barmaga ýol açmaly.
XS
SM
MD
LG