Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Kawkazda ýagdaý dartgynly


Demirgazyk Kawkazda ýaş musulmanlara garşy polisiýa tarapyndan edilen repressiýalar regionyň sabyr käsesini doldurdy.
Demirgazyk Kawkazda ýaş musulmanlara garşy polisiýa tarapyndan edilen repressiýalar regionyň sabyr käsesini doldurdy.

Bäş ýyl mundan öň, 2004-nji ýylyň 21-22-nji iýunynda çeçen weteran komandiri Şamil Basaýewiň söweşijileri Içeri işler ministrliginiň baş binasyna we Inguşystanyň paýtagty Nazrandaky polisiýa degişli beýleki binalara hüjüm etdiler. Şol wagt içeri işler ministriniň wagtlaýyn wezipesini ýerine ýetiriji polkownik Abubakar Kostoýew we orunbasary Zaudin Kotiýew hem-de iki sany ýerli prokuror heläk boldy. Şondan bäri çeçen garşylygy üç tendensiýa bilen pan-Kawkaz radikal Yslamçy hereketine öwrüldi.

Çeçen garşylygynyň pan-Kawkaz radikal Yslamçy hereketine öwrülmegini tizleşdiren tendensiýalaryň birinjisi, Demirgazyk Kawkazda ýaş musulmanlara garşy polisiýa tarapyndan edilen repressiýalara degişli. Hut şeýle repressiýalar korrumpirlenen we netijesiz häkimiýete, polisiýa hem howpsuzlyk güýçlerine garşy ýarag göterenleriň sanynyň köpelmegine sebäp bolupdy.

Ikinji tendensiýa regionyň Çeçenistandan beýleki böleklerinde dörän garşylyk toparlarynyň pan-Kawkaz güýçlerine goşulmagyna degişli.

Üçünji tendensiýa bolsa Orsyýetiň häkimiýetleriniň Inguşystanyň ynamdan düşen ýolbaşçylaryny çalyşmaga islegsizligi bilen bagly boldy. Kremliň ýagdaýlara goşulmakdan boýun gaçyrmagy netijesinde 2007-nji ýylyň ortalarynda Inguşystan durnuksyzlyk we zorluk boýunça Çeçenistanyň yzyndan ýetipdi.

Zorluk zorlugy tutaşdyrýar

Geçen 5 ýylyň dowamynda regionda garşylyk hereketiniň ýaýbaňlanyp, ýeten häzirki derejesini “zorluk zorlugy tutaşdyrýar”, diýen sözler bilen kesgitlemek mümkin.

Çeçen garşylygyna goşulan we Nazrandaky hüjüme gatnaşan ýaş inguşlaryň, aýtmagyna görä, olaryň bu işe baş goşmagyna öz dogan-garyndaşlarynyň ýurduň kanuny häkimiýet wekilleri tarapyndan ele salynyp, ýitirim edilmegi sebäp bolupdyr. Inguşystanyň prokurorynyň kömekçisi Raşid Ozdoýewiň ýöreden hasabatyna görä, 2003-2004 ýyllar aralygynda 33 adam ýitirim edildi. 2004-nji ýylyň mart aýynda Ozdoýewiň özi hem ýitirim boldy.

2004-nji ýylyň maý aýynda ingushetia.ru internet saýtynda Federal Howpsuzlyk Gullugynyň işgäriniň Orsyýetiň Baş prokurory Wladimir Ustinowyň adyna ýollan haty, diýip maglumat çap boldy. Hata laýyklykda, adyny aýtmakdan saklanan adam 2003-nji ýylyň başynda ölüm batalýonynyň düzüminde Inguşystanda işlänligini we özüniň 50 adama şikes ýetirip, çak bilen 35 adamy jaýlanlygyny gürrüň berýär.

Repressiýalar we garşylyk toparlary

Repressiýalar we eden-etdilikler Dagystanda hem Kabardino-Balkariýada garşylyk toparlarynyň döremegine sebäp bolupdy. 2004-nji ýylyň sentýabr aýynda Beslanda mekdepdäki zamun alynyş bilen bagly pajygaly wakadan soň, garşylyk hereketi öz çärelerini polisiýa, ýaragly we howpsuzlyk güýçlerine, Moskwa tarapdar häkimiýet resmilerine we din wekillerine garşy amala aşyrýanlygyny aýdýar. Dagystandaky we Kabardino-Balkariýadaky ýaragly toparlar ilat üçin duýduryşlary ýaýradyp, hüjümlere sezewar edilip bilinjek polisiýa we harby bölümlerden daşda durmagy maslahat berýär.

2005-nji ýylda Çeçenistanyň prezidenti Abdul-Halim Sadullaýew Demirgazyk Kawkazdaky ýarym özbaşdak garşylyk toparlarynyň bileleşiginiň gurluşyny we maddy-tehniki üpjünçiligini kesgitleýji kanun çykarypdy. Sadullaýewiň ornuny tutan Doku Umarov, 2006-njy ýylda şol strukturany kämilleşdirip, regiony frontlara bölüpdi we ýolbaşçylary belläpdi. Şol prosessiň dowamynda garşylyk hereketi milletara häsiýete hem eýe boldy. 2007-nji ýylda Umarow milleti boýunça inguş Ahmet Ýewloýewy çeçenleriň garşylyk hereketine ýolbaşçy belledi. Kabardino-Balkariýaly Anzor Astemirow Dagystanyň Dargin frontuna ýolbaşçylyk edipdi. Soňky aýlarda Çeçenistanda ele salynýan garşylyk hereketiniň söweşijileriniň arasynda Azerbeýjanyň raýaty we ýaş ors gyz hem bar.

Ýagdaý ýene dartgynlaşdy

Inguşystanda graždan ilata garşy repressiýalaryň Nazrandaky hüjüme ýa-da Beslandaky zamun alyşlyga nä derejede göni sebäp bolup-bolmanlygyny häzir aýtmak kyn. Emma 2007-nji ýylyň başyndan bäri Inguşystanda bir tarapdan garşylykda şübhelenýän adamlaryň ýitirim edilmegi we raýatlara garşy polisiýa tarapyndan edilýän basyşlar, başga bir tarapdan bolsa garşylyk hereketi tarapyndan polisiýa, goşuna we howpsuzlyk gulluklaryna edilýän hüjümler bilen bagly wakalaryň çürt-kesik köpelenligini belläp bolar. 2008-nji ýylyň oktýabr aýynda Moskwa Inguşystanyň netijesiz we ilat arasynda abraýsyz prezidenti Мyrat Zýazikowy wezipesinden çetleşdirip, onuň ýerine polkownik Ýunus-Bek Ýewkurowy bellän soň, geçen gyşyň dowamynda ýurtda zorluk gysga wagtlyk köşeşipdi. Şu günki gün bolsa ýagdaý ýene dartgynlaşdy.
XS
SM
MD
LG