Sepleriň elýeterliligi

Eýranly konserwator kandidat şikaýatyny yzyna aldy


Eýrandaky prezidentlige dalaşgär bolup, konserwator ganatdan kandidaturasyny hödürlän, ýurduň rewolusion gwardiýasynyň ozalky başlygy Mohsen Rezaýy, saýlawlaryň netijesine bildiren şikaýatyny yzyna aldy. Gwardiýa geňeşine ýollan hatynda, Rezaýy ýurtda höküm sürýän syýasy ýagdaý we howpsuzlyk meseleleri sebäpli, şikaýatyny yzyna alýandygyny mälim edipdir.

Ýöne oppozisiýon kandidat Mir Huseýin Musawi, saýlawlaryň gaýtadan geçirilmegine çagyryş etdi.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama bolsa, demonstratsiýalaryň güýç ulanylyp ýatyrylmagyna garşy tankydyny güýçlendirdi. Protestlerde azyndan 17 adamynyň ölendigi aýdylýar, ýüzlerçe adam bolsa tussag edildi.
XS
SM
MD
LG