Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda 70 sany mugallym tussag edildi


Eýran häkimiýetleri, oppozisiýa basyşlaryny artdyrýar. Düýn oppozisiýon lider Musawi bilen duşuşan 70 sany uniwersitet mugallymy, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi. Tussag edilenleriň nirde saklanýandygy anyk däl. Bu baradaky habar Musawiniň internet saýtynda ýerleşdirildi, ýöne Eýranda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görkezilýän basyşlar sebäpli, bu habary garaşsyz çeşme tassyklamady.Gowşan soňky maglumata görä, olardan 66-sy azatlyga çykarylypdyr. 12-nji iýundan bäri ýüzlerçe adam tussag edildi, azyndan 17 adam bolsa, bidüzgünçiligiň pidasy boldy. Bidüzgünçiliklerde dahyly bar diýip, Tähran Günbatary aýyplaýar. Öz nobatynda ABŞ 4-nji iýul dabarasyna gatnaşmaga, Eýranly diplomatlaryň indi çagyrylmajakdygyny mälim etdi. Dartgynly ýagdaý zerarly, Eýran İtaliýadaky G-8-leriň maslahatyna gatnaşmaýar.
XS
SM
MD
LG