Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidentiniň Horwatiýa sapary başlanýar


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Horwatiýa respublikasyna resmi sapary başlanýar. Horwatiýanyň prezidenti Stepan Mesiçiň ýörite çakylygy boýunça amala aşyrylýan bu saparyň barşynda esasan Türkmenistan bilen Horwatiýanyň turizm we dynç alyş pudagyndaky hyzmatdaşlyklaryny, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri barada gepleşikler geçiriler diýlip garaşylýar. Türkmen döwlet habarlar gullugy türkmen prezidentiniň Horwatiýa etjek bu saparynyň diňe bir türkmen-horwat gatnaşyklarynyň çäklerinde däl-de, eýsem Türkmenistan bilen Ýewropanyň ösýän gatnaşyklarynyň çäklerinde möhüm waka hökmünde alamatlanjakdygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG