Sepleriň elýeterliligi

Maýkl Jekson 50 ýaşynyň içinde aradan çykdy


Öten agşam dünýä meşhur amerikan pop aýdymçysy Maýkl Jekson Los-Anželes şäherinde 50 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Habar agentlikleri Maýkl Jeksonyň ýürek gan-damar ugrunda ýüze çykan saglyk problemasy sebäpli aradan çykandygyny habar berýärler. Maglumata görä, düýn ol saglyk ýagdaýynyň ur-tut ýaramazlaşmagy sebäpli keselhana alnyp gidilipdir. Ýöne lukmanlaryň tagallasyna garamazdan, ony halas etmek başartmandyr. Maýkl Jekson şu geljek iýul aýynyň ortasynda Londonda uly konsert çykyşlaryny planlaşdyrypdy. Onuň bu konsert çykyşlary dünýä belli aýdymçynyň uzak arakesmeden soň uly sahna gaýtadan dolanmasy hökmunde alamatlanar diýlip garaşylypdy.
XS
SM
MD
LG