Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Medwedew: Afrikanyň energiýasyna kontrollyk etmek niýetimiz ýok


Afrika kontinentine sapar edýän Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew düýn öz ýurdunyň Afrika kontinentinden Ýewropa akýan energiýa akymlaryna kontrollyk etmek niýetiniň ýokdugyny aýdyp, çykyş etdi. Ýöne prezident Medwedewiň bu beýanaty, käbir synçylaryň pikiriçe, ýurduň «Gazprom» kompaniýasynyň resmileriniň sözlerine çapraz gelýär. Bu wakanyň öňýany «Gazpromyň» resmileri Nigeriýanyň Milli petroleum korporasiýasy bilen ylalaşyga gelnen halatynda Nigeriýanyň Ýewropa akdyrýan gazyna Orsýetiň eýelik etmeginiň mümkindigi barada çykyş edipdiler. Medwedewiň Namibiýa edýän häzirki saparynyň barşynda bu ýurduň uran önümçiligi boýunça Orsýet bilen hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalaryna hem garalar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG