Sepleriň elýeterliligi

Orsýet bir raýatyna 40 müň ýewro kompensasiýa tölemeli


Düýn ynsan hukuklary boýunça Strasburgdaky halkara sudy Orsýetiň bir raýatynyň çakdanaşa agyr türme tussaglyk şertlerinde saklanandygy üçin oňa Orsýetiň hökümetiniň 40 müň ýewro kompensaşiýa tölemelidigi barada höküm çykardy. Orsýetli tussag özüne sud edilmezinden öň 10 adam üçin niýetlenen darajyk izolýartorda alty ýyllap 50 adamyň arasynda saklanandygyndan şikaýat edipdir. Orsýetiň hökümetiniň bu şikaýata garşy protest bildirendigine garamazdan, Strasburg sudy öz höküminiň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigini bildirdi.
XS
SM
MD
LG