Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetiň sanksiýalary Belarusa zyýan berýär


Düýn Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Orsýetiň söwda sanksiýalarynyň öz ýurduna uly ykdysady urgy urýandygyny aýdyp, Minskiniň Ýewropa Birleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlyklara meýil edýändigini mälim etdi. Bu barada öten agşam eden çykyşynda prezident Lukaşenko Belarusyň süýt önümlerine garşy Moskwanyň girizen gadagançylygynyň Belorusyň maldarçylyk we oba-hojalyk sektoryna uly urgy bolandygyny belledi. Şu hepdäniň başynda Belarusa sapar eden Ýewropa Birleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça komissary Benita Ferrero-Waldner Belorusyň günbataryň demokratik standartlaryna eýeren halatynda, Ýewropa Birliginiň Belarus bilen hyzmatdaşlyklaryny giňeltmäge taýýardygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG