Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly iki student gark boldy


Gyrgyzystanyň adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat gullugynyň işgäri Kylyçbek Dostumbetowyň sözlerine göra, 23-nji iýunda sagat 16.00 töwereginde Çuý welaýatynyň Alamiddin etrapyndaky “Ýyly češme” atly suwa düşülýän ýerde Bişkekdäki Strategik Informasiýalaryň Tehnologiýasy institutynda okaýan türkmenistanly iki student suwa düşüp durka gark bolupdyr. Suw olary akdyryp alyp gidipdir.

Olaryň biri 1986-njy ýylda doglan Guladjanow Muhammet, ikinjisi 1987-nji ýylda doglan Ataýew Baýram.

Bişkek şäheriniň halas ediji gullugynyň nobatçysynyň beren maglumatyna görä, olar 3 oglan we bir gyz bolup, suwa düşmäge barypdyrlar. Muhammet suwa düşende, suwuň güýçli akymy ony akdyryp alyp gidipdir. Muhammedi halas etjek bolup Baýram hem özüni suwa urupdyr. Şeýlelikde oglanlaryn ikisini hem güýçli akym alyp gidipdir.

Muhammedin jesedini tapypdyrlar we Alamiddin etrapynyň II. bolümine tabşyrypdyrlar. Baýram entek tapylmandyr. Ony gözläp tapmak işi dowam edýär.
XS
SM
MD
LG