Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda täze açylan ýangyç stansiýasynda ýangyn boldy


Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, 25-nji iýunda Aşgabat şäheriniň 11-nji mikroraýonunda Magistralnyý köçäniň ugrunda, köne Gündogar bazaryň ýanyndaky täze açylan ýangyç stansiýasynda benzin daşaýan sisternaly KAMAZ ýarylyp ýangyn emele gelipdir. Ýangyn Aşgabadyň ähli ýerinden görünip, iki gezek güýçli partlama bolupdyr. Ýangyn bir ýarym sagadyň içinde 8 sany ýangyn söndüriji maşyn bilen söndürilipdir. Azyndan iki adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG