Sepleriň elýeterliligi

Türkmen gazy Hytaýa akyp başlar


Türkmenistan 30 ýylyň dowamynda Hytaýa ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz akdyrar.

Türkmenistan 30 ýylyň dowamynda Hytaýa ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz akdyrar.

Aşgabatdaky türkmen-hytaý gepleşiklerinde, taraplar energiýa hyzmatdaşlygynyň özara gatnaşyklaryň iň möhüm ugry bolup durýandygyny tassykladylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aprel aýynda ýurtlar arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda gurulýan “Türkmenistan-Hytaý” gaz geçirijisiniň strategik ähmiýete eýedigini belledi. “Şu ýylyň aýagynda biz ony işe girizeris. Ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistan 30 ýylyň dowamynda Hytaýa ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz akdyrar. Bu proýektiň iki ýurt üçin strategiki ähmiýeti bar. Ol Türkmenistan bilen Hytaýyň uzakmöhletleýin bähbitlerine we global ykdysady ösüşiň logikasyna gabat gelýär” diýip Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow aýtdy.

Aşgabatdaky gepleşiklerde taraplaryň arasynda iki ýurduň gaz söwdasyna degişli gelnen ylalaşyklardan daşary, Hytaýyň Döwlet Ösiş Banky tarapynan “Türkmengaz” döwlet konsernine 4 milliard dollarlyk kreditiň berilmegi baradaky ylalaşyga hem gol goýlandygy habar berildi.

“Krizisiň täsiri duýulmaýar”

Şu günki gün Türkmenistan dünýädäki maliýe-ykdysady krizisiň täsirini duýmaýanlygyny aýdýar. “Ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşiniň we milli manadyň durnukly kursunyň” muny tassyklaýanlygyny 23-nji iýunda hökümet maslahatynda wise-premýer we dünýädäki maliýe-ykdysady krizisiň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini analiz etmek boýunça komissiýanyň ýolbaşçysy Japarow aýtdy.

Türkmenistanda gymmatbaha iri gurluşyklar hem amala aşyrylýar. Soňky ýyllaryň dowamynda olaryň möçberi we gurulýan obýektleriň sany has köpeldi. Paýtagtda we onuň töwereginde, şeýle-de “Awaza” syýahat zonasynda gurulýan obýektleriň her biriniň bahasy millionlarça dollarlap kesgitlenýär.

Ykdysady taýdan durnukly we dünýädäki ykdysady prosessleriň ýaramaz täsirlerinden çetde duran Türkmenistanyň Hytaýdan karz pul almagyna näme sebäp bolup biler?

“Eurasia Transition Group” toparynyň müdiri Maýkl Laubş muny syýasy we ykdysady sebäpler bilen baglaşdyrýar: “Bir tarapdan Türkmenistan häzire çenli Orsýetiň täsirini duýup gelýär. Ol Hytaý bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Ýewropa Birleşigi we ABŞ bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge islegini görkezmek bilen Orsýete duýduryş berýän bolmagy mümkin.”
Türkmenistan gaz geçirijilerini bejermek we täzelemek üçin maýa goýumlaryň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.


Başga bir tarapdan Türkmenistanyň hökümeti dünýädäki maliýe krizisiň türkmen ykdysadyýetine ýetirýän täsiri barada aýtmakdan saklanýan hem bolsa, ol täze maýa goýujylaryny ýurda çekmäge uly gyzyklanma bildirýär diýip analitik Laubş belleýär. “Türkmenistan hususan-da öz gaz geçirijilerini bejermek we täzelemek üçin daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar”.

Käbir synçylar şu ýylyň aprel aýynda Orsýete tarap barýan turbada bolan partlamadan soň Türkmenistanyň esasy girdeýji çeşmesi bolan gaz eksportunyň kesilmeginden hem Aşgabadyň häzirki wagtda maliýe taýdan uly zyýan çekýänligini belleýärler.

Türkmenistana 4 milliard dollarlyk kredit bermek baradaky ylalaşygyň “Türkmengaz” döwlet konserni we Hytaýyň Döwlet Ösüş Bankynyň arasynda baglaşylanlygy resmi maglumatlarda habar berildi. Emma şol puluň haýsy maksatlara sarp ediljegi aýdylmady.

Analitik Maýkl Laubş, Türkmenistanyň energiýa pudagynda häli-şindi ýüze çykýan tehniki problemalar, ýurduň energiýa pudagynyň maýa goýumlaryň ýatyrylmagyna mätäçdigini görkezär diýip belledi. “Bu pudak täze maýa goýumlarynyň ýatyrylmagyna we tehniki taýdan üpjünçiligiň dowam etmegine mätäç. Türkmenistanyň aljak karz puluny bu pudaga ýatyryp, täze fontanlara hem ilat üçin peýdasyz köşklere sarp etmejekdigine umyt bar”

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy

Resmi maglumatlara görä, şu günki gün Tükmenistanda Hytaýyň 32 kompaniýasy hasaba alynyp, umumy bahasy 1 milliard dollardan aşýan 49 sany maýa goýum proýekt amala aşyrylýar. Türkmenistanda Hytaý kompaniýalary nebit-gaz, tele-aragatnaşyk, transport, oba hojalygy, dokma senagaty, himiýa, azyk önümçiligi, saglygy saklaýyş we gurluşyk pudaklarynda işlerýärler. Ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 2000-nji ýyldan bäri 40 esse artyp, geçen ýylyň görkezijilerine görä, 800 million dollara ýetdi.

Türkmenistan bilen Hytaý, özara gumanitar hyzmatdaşlygyny, şol sanda bilim ugry boýunça gatnaşyklaryny giňeltmäge hem gyzyklanma bildirýärler. 24-nji iýunda Aşgabatda sözlän sözünde, Li Ketsýan Hytaý hökümetiniň hasabyna ýurtda okaýan türkmen studentleriň sanyny ýylda 90 adama ýetirmek barada karara gelinenligini we soň bu sanyň ýene artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG