Sepleriň elýeterliligi

Çökerilen döredijilik we gaýtadan dikeldiş


Narodeski: "Nyýazow eýýäm birnäçe ýyl bäri bu dünýede ýok. Emma onuň mikroblary özüniň bardygyny belli edýär."

Narodeski: "Nyýazow eýýäm birnäçe ýyl bäri bu dünýede ýok. Emma onuň mikroblary özüniň bardygyny belli edýär."

Operanyň täzeden görkezilen güni Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň güni hökmünde mundan beýläk däp bolup girse gerek. Munda “Leýli-Mežnun” operasynyň saýlanyp alynmagynyň simwolik manysy bar.

Türkmen klassyk şahyry Nurmuhammet Andalybyň “Leýli-Mežnun” dessanynyň esasynda operanyň librettosyny Garaja Burunow ýazypdyr. Opera ilkinži gezek Aşgabatda 1946-njy ýylda, heniz elhenç urşuň ýaralary bitişmedik wagty görkezilipdir. Urşuň harabalyklary, tozgunçylyklary her ädimde görnüp duran wagty bu opera doglupdy, döräpdi, köpçülige görkezilipdi. Ol türkmen diktatory Saparmyrat Nyýazowyň yzynda goýup giden tozgunçylygyndan soň ikinži gezek ör boýuna galdy. Diktator aýal-erkek diýmän her bir türkmeni, hat-da hökümdaryň permanlaryny ýerlerde ýerine ýetirýän, näme diýse “lepbeý” diýip duran gullarynam ýakyp - ýandyrypdy, repressiýalaryň gujagyna oklapdy. Şol gazaply döwür döredijiligi, döredijilik adamlaryny-da öz holtumyna alypdy.

Diýdimzor diktatura operany ýok edipdi, bilim sistemasyny, ylymlar akademiýasyny paýhynlapdy. Hat-da sirkem abat galmady. Döredijilik bilen bagly her bir zat ruhy nähoş Nyýazowyň kakynyny tutdurýardy, ony dälilik hetdine ýetirýärdi. Nähoşuň pikiriçe, döredijilige diňe özüniň hak-hukugy bardy. Şu faşistik ideologiýa aýylganç yzlar galdyrdy. Nyýazow mergisinden arassalanmak üçin türkmen jemgyýeti prinsipde arassalanyşdan, bejergi karantininden geçmeli. Onsuz şol yzlar gysga wagtda ýok bolup gitmez.

Nyýazow eýýäm birnäçe ýyl bäri bu dünýede ýok. Emma onuň mikroblary özüniň bardygyny belli edýär. Jemgyýeti gabap alan poslamadan, çüýremeden, çökmeden hem korrupsiýadan medenýiet çinownikleri hem özlerini gorap bilmediler.

Çeperçilik Akademiýasy we tapmaça

Muňa mysal hökmünde Çeperçilik Akademiýasyny almak bolar. Onda häzirem Nyýazow döwrüniň döreden nejislikleri saklanyp gelýär. Esasan, Hudožnikler Soýuzynyň saýlantgy adamlarynyň çagalaryny okuwa kabul etmekden başlap, geň galmaly edilýän işler özboluşly däbe öwrülip, ol ýörite gulluklarda güman döredip biler. Kabul ediş komissiýasynyň käbir agzalary giriş ekzamenleri tamamalanandan soň, birdenkä gymmat bahaly daşary ýurt maşynlarynyň ruluna geçdiler. Çeperçilik akademiýasynda, onuň töwereginde bolup geçýän wakalardan, dawalardan habarly köp adamlara Çeperçilik Akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň roly tapmaça bolup galýar.

Hudožnikler Soýuzynda-da Nyýazow režimi tarapyndan döredilen geň hadysalar bolup geçýär. Bu ýerde her bir patyşajyk Türkmenbaşynyňka meňzeş, şonuň obrazynda öz kiçijik diktaturasyny döretdi we döredýär. Şu günki güne çenli sungat şeýle dolandyrylýar. Netijede, haýran galmaly bir ýagdaý emele gelýär: prezident täzelenişe, ýaňadan döreýşe, dikeldişe çagyrýar. Şol çagyryşy ýerine ýetirmeli esasy adamlar, ýerlerdäki býurokratlar bolsa diktatorlyk döwrüň bilim-endiklerini ulanmak bilen başagaý. Netijede, ol däbe öwrülen parahaorluga, klanlaryň galplyklaryna alyp gelip, olar sungatdan öz paýlaryny çykarýarlar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň bu baýramy şu ugurdan işleýänleriň köpüsi üçin baýram däl. Şeýle bolup çykýar. “Leýli-Mežnunyň” premýerasynda bolan Gurbanguly Berdimuhamedow döredijiligiň ýüze çykmagy üçin esasy şertler döretmegiň gerekdigi baradaky meselä degip geçdi. Döwlet çinownikleri şol aýdylýan şertleri döredýärmi ýa-da öňki hökümdaryň wesýetleri esasynda ýaşamasyny dowam etdirýär?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG