Sepleriň elýeterliligi

G-8-ler, Eýrandaky bidüzgünçilikleri ýazgardylar


Senagat taýdan ösen 8-leriň Daşary işler ministrleri derjesindäki Italýadaky maslahatyň soňunda, saýlawlardan soňra Eýranda dörän bidüzgünçilikleriň derhal ýatyrylmagyna çagyryş etdiler. Italýanyň Daşary işler ministri Franko Frattini, Eýrandaky adam pidalaryna berk gynanç bildirilýändigini aýtdy. Şeýle hem G-8-ler saýlawlaryň netijesiniň dogrudygy bilen halky ynandyrmaga häkimiýetleri çagyrdy. G-8-leriň maslahatyna Eýran gatnaşmady.
XS
SM
MD
LG